Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Awtoulag süzgüçleri: «Fil» kompaniýasynyň ýokary hilli önümleri barada

0
7903

Awtoulag üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýynyň ýa-da düzüm böleginiň kepillikli haryt bolmagy ilki bilen ünsümizi çekýär. Şu düşünje bilen satyn alynýan harytlaryň hatarynda «Fil» kompaniýasynyň öndürýän ýokary hilli awtoulag süzgüçlerini hem bellemek bolar.

«Fil» — awtoulag üçin zerur bolan dürli görnüşli süzgüçleri eýýäm ýarym asyrdan gowrak wagt bäri öndürýän, olaryň hiline bolan ynamy ödemek bilen, ýylsaýyn ulanyjylarynyň sanyny artdyrýan kompaniýadyr. Has takygy, ol 1966-njy ýylda Türkiýede önümçiligi ýola goýup, taryhy ösüşinde süzgüjiň dürli aýratynlyklaryny kämilleşdirmäge uly ähmiýet berip geldi.


Awtoulagyň süzgüçlerinde onda esasy ulanylýan kagyzlara we kagyzy berkitmek üçin niýetlenen ýelimlere uly orun degişlidir. «Fil» kompaniýasynda Angliýa, Germaniýa, Italiýa hem-de Ispaniýa ýaly döwletlerde öndürilýän ýokary hilli kagyz önümlerinden peýdalanylýar. «Henkel» we «Bayer AG» kompaniýalarynyň önümleri bolsa «Fil» süzgüçleriniň ýelimleriniň ýokary hilini üpjün edýär.

Bu süzgüçler ulagyň düzüm bölegi hökmünde wezipesini kadaly ýerine ýetirýändigi, ýagny ýokary hilde süzýänligi hem-de awtoulaga zyýansyzlygy bilen tapawutlanýar. «Fil» kompaniýasynyň bu aýratynlygy eýýäm dünýäniň birnäçe öňdebaryjy awtoulag kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam etdi. Olardan «Ford», «Mitsubishi», «Hyundai», «Lada», «Fiat», «JCB», «Komatsu» ýaly awtoulag önümçilik kompaniýalaryny görkezmek bolar.

2010-njy ýylda bolsa kompaniýanyň önümçilik binasynyň gerimi giňeldilip, ol ozalkysyndan iki esse uly göwrüme eýe boldy. Şonuň bilen birlikde, kärhananyň enjamlaýyn binýady hem görnetin kämilleşdirildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda  «Awtoýoly» awtohyzmatlar we söwda merkezi tarapyndan «Fil» süzgüçleri 2008-nji ýyldan bäri ýurduň çägine getirilip, onuň howa süzgüçleri, kondisioner süzgüçleri, benzin süzgüçleri hem-de ýag süzgüçleri ýaly görnüşleri alyjylara ýetirilýär. Olaryň esasy bölegi ýeňil awtoulaglar üçin niýetlenendir.


«Fil» süzgüçleriniň Türkmenistandaky distribýutorynyň ýurduň 5 welaýatynda ýerleşýän «Awtoýoly» hyzmat ediş we söwda nokatlaryndan süzgüçleri bölekleýin we lomaý görnüşinde satyn alyp bolýar. Soňky 3 ýylyň dowamynda haryt görnüş sany 300-e ýetirilen «Fil» süzgüçlerini awtoyoly.com.tm saýtyndan ýa-da onuň ykjam goşundysyndan onlaýn görnüşde sargyt edip hem satyn alyp bilersiňiz.

«Awtoýoly» awtohyzmatlar we söwda merkeziniň hyzmat ediş nokatlarynyň salgylary:

  • Aşgabat ş., G.Kuliýew köçesi. +99312 75-40-09
  • Ankara (Ýubileýnaýa) köçesi: +99312 45-48-16; 
  • «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezi: +99312 46-91-02; 1972 (Atatürk) köçesi, 82-nji salgydaky awtoulaglara hyzmat ediş we söwda nokady;
  • Mary welaýaty, Mary şäheri, Bagtyýarlyk (Atabaýew) köçesi: +993 522 5-69-82;
  • Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Alaýaz köçesi: +993 322 6-19-19; 
  • Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Görogly (Izmir) köçesi, 54-nji jaý: +993 422 2-97-01.

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar