Soňky habarlar

Arhiw

«Awtoýoly» müşderilere täze ýokary hilli tekerleri hödürleýär

12:4305.03.2022
0
8907

Türkmenistanyň awtoulag bejeriş hyzmatlaryny hem-de ätiýaçlyk şaýlaryny müşderilere hödürleýän «Awtoýoly» awtoulag hyzmatlary dükany daşary ýurtlarda öndürilen ýokary hilli tekerleri alyjylaryň dykgatyna ýetirýär. «Hankook», «Michelin», «Apollo» hem-de «Westlake» ýaly dürli hili aýratynlyklary boýunça tapawutlanýan tekerleriň hili dükan tarapyndan kepillendirilýär.

Tekerler dürli kysymly ulaglara niýetlenen özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Mysal üçin, Günorta Koreýada öndürilýän «Hankook» tekerleri iň ýumşak teker hasaplanyp, ony «Mercedes», «Audi», «BMW», «Porsche» hem-de «Volkswagen» ýaly awtoulag kärhanalary öz ulaglary üçin önümçilikde peýdalanýarlar. «Michelin» tekerleri bolsa tormoz ulgamy bilen baglanyşygy täsirli teker bolup, uzak möhlete kepillendirilýär hem-de olaryň ekologik arassalygy üpjün edişi ýokarydyr. Şol sanda, «Apollo» brendiniň tekeri hem Hindistanda öndürilip, ýurduň çäginde we Hytaýda ýörgünli ulanylýar. «Westlake» haryt nyşanly tekerler bolsa Hytaýyň iň amatly hem-de ýurduň ýollary üçin kybap gelýän tekerler hasap edilýär.

«Awtoýoly» awtoulag hyzmatlary dükanynyň sürüjiler köpçüligine hödürleýän bu tekerleriniň esasy aýratynlygy — olaryň dünýäniň ýokary derejeli ýaryşlaryna gatnaşýan ulaglarda hem ulanylýanlygydyr.

Belläp geçsek, müşderiniň ulagyna, ony dolandyryş şertlerine we wagtyna, umuman ähli mümkinçiliklerini nazarda tutup, dükanyň tejribeli hünärmenleri tarapyndan alyjynyň islegine laýyk gelýän tekerleri saýlap bermek hyzmaty-da dükan tarapyndan ýerine ýetirilýär.

«Awtoýoly» awtoulag hyzmatlary dükanynyň söwda we hyzmat ediş nokatlary:

  • Aşgabat ş., G.Kuliýew köçesi: +99312 75-40-09 +993 65-17-87-75;
  • «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezi: +99312 46-91-02; 1972 (Atatürk) köçesi, 82-nji salgydaky awtoulaglara hyzmat ediş we söwda nokady;
  • Ankara (Ýubileýnaýa) köçesi: +99312 45-48-16.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň