Soňky habarlar

Arhiw

Gyşky Olimpiýa oýunlary — Pekin 2022

0
14937

XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň başlamagyna sanlyja wagt galdy, eýýäm ertir — 4-nji fewralda Pekinde bu oýunlaryň açylyş dabarasy bolar. Dünýäniň 95 ýurdundan 4 müňden gowrak türgen sportuň 7 görnüşi boýunça özara bäsleşer. Oýunlarda umumylykda 109 medal gazanylar. Oýunlar 20-nji fewrala çenli dowam eder. Bu ugurda ilkinji ýaryşlar, has takygy körling boýunça geçirilýän ýaryşlar açylyş dabarasyndan 2 gün öň, 2-nji fewralda başlandy.

Nobatdaky Olimpiada-2022 oýunlary barada nämeleri bilmek zerur?

Şygar: «Together for a Shared Future» (“Ählumumy geljegiň hatyrasyna bilelikde”)

Bu sözler Olimpiýa hereketiniň esasy gymmatlyklarynyň birini — agzybirlige we parahatçylyga bilelikde ymtylmagy öz içine alýar. «Together for a Shared Future» şygary 79 teklibiň içinden saýlanyp alyndy. Munuň bilen bagly teklipler bolsa 2020-nji ýylyň maýyndan sentýabryna çenli aralykda kabul edildi.

Oýunlaryň tumary

Nobatdaky gyşky Olimpiýa oýunlarynyň resmi tumary Bin Dun Dun atly uly pandadyr. Häzirki zaman hytaý dilinde “bin” sözi birnäçe manylary aňladyp, esasan “buz”, manydaş sözleri bolsa “arassalyk we güýç” diýen düşünjäni aňladýar.

Bin Dun Dunuň keşbiniň guramaçylyk komitetine iberilen 5800 görnüşdäki tumarlardan aýratyn saýlanyp alynmagy örän täsindir.

Nyşan

Suratkeş Lin Sunçžen oýunlaryň nyşanyny döreden mahaly onuň esasynda “gyş” (冬) diýen düşünjäni aňladýan hytaý ieroglifini goýupdyr. Nyşanyň ýokarky böleginde konkide taýyjy türgeniň şekili, aşaky böleginde bolsa lyžada taýyjy türgeniň şekili ýerleşdirilen. Ortadan gelýän çyzgynyň zolagy bolsa hytaý daglaryny, lyža ýollaryny we taýylýan ýerleri aňladýar.

Bäsleşikler Hytaýyň üç ýerinde geçiriler:

  • Buz üstündäki ýaryşlaryň ählisiniň (körling, hokkeý, konkide taýmak sporty), şeýle hem gar üstündäki dört ýaryşyň (snowbordda big-eýr we erkekleriň we zenanlaryň arasynda lyža fristaýly) geçjek ýeri bolan Pekiniň merkezinde;
  • Bobsleý, skeleton, dag lyžasy ýaly sport oýunlarynyň geçirilýän ýeri bolan şäheriň çetindäki Ýansin etrabynda;
  • Çžanszýakow şäherindäki Çunliniň meşhur gyş kurortynda erkin lyžada typmak, biatlon, garda typmak, lyžada bökmek, dagda typmak sport görnüşleri boýunça ýaryşlar geçiriler.

Göçme telestudiýalar

Bu oýunlar bilen baglylykda, tehnologiýanyň iň möhüm nou-hawy Pekinde tanyşdyrylan, sagatda 350 km tizlige ýetýän sürüjisiz ekspress otly bolar. Ekspres 8 wagondan ybarat bolup, 560 ýolagçyny gatnadyp bilýär. Ýokary tizlikli ýolagçy otlusy gyşky oýunlary kabul edýän şäherleri birleşdirer. Ekspresiň başga bir aýratynlygy bolsa, onuň göni ýaýlymda mümkinçilik berjek 5G telekommunikasiýa studiýasynyň bolmagydyr. Ykjam studiýasy bolan täsin otly žurnalistleri, türgenleri we sport hünärmenlerini daşamak üçin niýetlenendir.

Oýunlar janköýersiz geçiriler

Häzir Pekinde badalga alan oýunlar pandemiýa zerarly olimpiýa oýunlaryny guraýjylar, tomaşaçylar üçin berk çäklendirmeleri girizip, degişli ugurda rekord derejä eýe bolar. Ýaryşlara tomaşa etmek üçin petekleriň düýbünden satylmaýandygy we oýunlara goýberilen adamlaryň hem koronawirus analizlerini we PCR synaglary tabşyrýandygyny bellemek gerek. Emma oýunlaryň geçişine teleýaýlym arkaly tomaşa etjekler bolsa adatdakysyndan ep-esli köp bolar.

Ýer ýüzünde ýiti ýokanjyň, pandemiýanyň zyýanly täsirleriniň bardygyna garamazdan, Bütindünýä Olimpiýa jemgyýeti sport söýüjileriniň dünýäniň iň tejribeli türgenleriniň ýaryşyna tomaşa etmeklerine şert döredýär.

Çeşme: olympics.com

 

Şeýle-de okaň!

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar