Tokioda geçirilýän Tomusky Olimpiýa oýunlarynda taryhy rekordlar täzelenýär

0
69649

Tokio şäherinde Tomusky Olimpiýa oýunlary gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Bu Ýaponiýanyň Olimpiýa oýunlaryny geçirmäge üçünji synanyşygydyr. Taryha ser salsaň, döwletiň çäginde geçirilmegi meýilleşdirilen sport ýaryşlarynyň aglabasy şeýle ýagdaýa sezewar boldy. Ilki başda, ýurtda geçirmek meýilleşdirilen birinji Olimpiýa oýunlary Ikinji Jahançylyk urşunyň başlanmagy sebäpli ýatyryldy. Ikinji Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň möhleti taýfun hem-de adatdan daşary yssy zerarly güýz paslyna süýşürildi. Ýurduň çäginde üçünji gezek  2020-nji ýylda guraljak ýokary derejeli sport ýaryşy ― Tomusky Olimpiýa oýunlary COVID-19 pandemiýasynyň döremegi bilen 2021-nji ýyla geçirildi. Olimpiadanyň bellenilen ýylynda geçirilmezligi oýunlaryň taryhynda ilkinji gezek duşýan wakadyr. Şunlukda, pandemiýa garamazdan, Ýaponiýa Tomusky Olimpiýa oýunlaryny geçirmek çözgüdini kabul etdi. Ýurduň hökümet agzalarynyň pikirine görä, bu sport ýaryşlary bitewiligiň alamaty bolar. Bellenilen senäni üýtgetmegiň gowy alamata ýorulmaýandygy sebäpli, Olimpiada «Tokio ― 2020» ady bilen geçirilýär. Şeýle hem bu sene hemmelere tanyşdyr.

Olimpiýa oýunlarynyň iň giň gerimli we sabyrsyzlyk bilen garaşylýan wakasy bolan açylyş dabarasy pandemiýa sebäpli az sanly tomaşaçylaryň gatnaşmagynda guraldy. Tomaşaçynyň meýdançasynda 950 sany ýokary derejeli myhmanlara, şol sanda resmi wekillere we žurnalistlere açylyş dabarasyny janly görnüşde synlamaga mümkinçilik döredildi. Tomaşaçylar meýdançasynyň boş bolmagy we Olimpiýa oýunlarynyň alawy ýakylanda şowhunly el çarpyşmalaryň duýulmazlygy ýokary derejeli sport ýaryşlarynyň taryhynda ilkinji gezekdir. Olimpiadada baýrakly orunlary gazanmak ugrunda göreşjek 13 müň türgen pandemiýa howpsuzlygy üçin göz öňünde tutulan ähli kadalary berk berjaý ederler. 

Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna täze ýörelgeler we görnüşler girizildi. Maksatnama beýsbol we softbol oýunlary gaýtadan girizilip, sportuň sýörfing, skeýtbording, gaýa dymyşmak(alpinist), basketbol 3 we karate görnüşleri goşuldy. 2024-nji ýylda Londanda guraljak Olimpiýa Oýunlarynyň maksatnamasyna bolsa breýk tanslary giriziler. Bu özgertmeleriň we täzeçillikleriň ählisi Olimpiada ýaş janköýerleri çekmek hem-de oýunlaryň döwrebaplygyny saklamak üçin amala aşyrylýar. 

 

Ýene-de bir taryhy waka Oýunlaryň şygarynyň üýtgedilmegidir. Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda häzirki wagta çenli hereket eden «Has çalt, has ýokary, has güýçli» diýen şygar «Tokio ― 2020» olimpiadasynda «Bilelikde ― has çalt, has ýokary, has güýçli», diýip atlandyryldy. Ol latyn dilinde «Citius, Altius, Fortius – Commun» diýip aýdylýar. 

«Tokio ― 2020» Olimpiýa oýunlary taryhda iň arassa oýunlar diýen ada mynasyp bolýar. Munuň sebäbi Olimpiadanyň ýeňijilerine elektronikanyň gaýtadan işlenilmegi bilen ýasalan medallaryň gowşurylmagydyr. Bu tutuş dünýä ýüzüni daşky gurşawa aýawly göz bilen garamaga çagyryşdyr. Şeýle hem ýurduň ilatynyň medal önümçiligine gatnaşmagy Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek amala aşyrylan taslamadyr. Medallar döwrebap görnüşe, çuň mana hem-de gadymy ýapon halkynyň olimpiýa gymmatlyklaryna laýyk jähete  eýedir. Howpsuzlyk düzgünleriniň biri hökmünde ýeňijiler gazanan medallaryny özleri dakynýarlar. Bu hem Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda duş gelýän ilkinji ýagdaýdyr.  

Tokio Olimpiadasy oýunlaryň taryhynda gazanylan netijeleri täzeleýär. Rekordlara Olimpiada gatnaşýan türgenlerden 5000 sany doping barlaglarynyň alynmagy we olaryň 10 ýyla çenli saklanmagy degişlidir. 2016-njy ýylda Rioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda türgenlerden ýaryş wagtynda, ýaryşdan öň we soň jemi 4930 sany doping barlaglary alyndy.

«Tokio ― 2020» oýunlarynyň ýene bir rekord aýratynlygy hökmünde bu sport ýaryşlarynda zenan türgenleriň sanynyň adatdan daşary köpdügini bellemek bolar. Olar umumy türgenleriň 48.8 %-ni düzýärler. 

Tokiodaky Tomusky Olimpiýa oýunlary 8-nji awgusta çenli dowam eder. Dünýä döwletleriniň, şol sanda Türkmenistanyň iň gowy türgenleri Olimpiadada baýrakly orny eýelemek ugrunda başarnygyny görkezýärler. Häzirki wagtda dünýä ýüzünde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, Olimpiýa oýunlary ýer ýüzüniň her bir künjeginde ýaşaýan türgenleri, sport söýüjileri we janköýerleri birleşdirmegiň guraly bolup hyzmat edýär. Şeýle hem ol halkara jemgyýetçiliginiň sabyrsyzlyk bilen garaşýan sport wakasydyr. Olimpiýa oýunlary ählumumy ähmiýeti boýunça diňe bir sport üstünliklerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, adamlaryň birek-biregi tanamagyna, başga döwletiň milliliklerini öwrenmegine, şeýle hem bir maksada ýetmek üçin birleşmegine mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar