Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Teswirleme sungatynyň ussady

0
5868

Görnükli sport žurnalisti we teswirleýji Amanmuhammet Çaryýew barada

Fut­bol du­şuşyk­la­ry­nyň ra­dio­da gö­ni ýaý­lym­da diň­le­nil­ýän dö­wür­le­ri tes­wir­leýji­le­re köp zat bag­ly­dy. Çün­ki us­sat tes­wir­leý­ji­leriň alyp bar­ýan re­por­taž­la­ryny diň­le­ýän fut­bol jan­kö­ýer­le­ri öz­le­ri­ni ýa­şyl meý­da­nyň gap­da­lyn­da duran ýa­ly duý­ýar­dy­lar. Şol se­bäp­li-de, tes­wir­leý­ji­le­riň meý­dan­da­ky bo­lup geç­ýän wa­ka­la­ry be­ýan et­megi üçin söz gor­y ýe­ter­lik de­re­je­de bol­ma­ly­dy. Şeý­le bol­ma­sa kemterräk kakjagy görnüp durdy. Şol dö­wür­ler her bir du­şu­şy­gy ra­dio­da, soň­lu­gyn­da te­le­ýaý­lym­da tes­wir­le­mek ýeňilýelpaý iş däldi. Hä­zir­ki wagt­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy neti­je­sin­de sport muş­dak­la­ry­na gö­ni ýaý­lym­da ýe­ti­ril­ýän sport bäs­le­şik­le­ri ada­ty ýag­da­ýa öw­rül­di. «Türkmenistan. Sport» te­le­ýaý­ly­myn­da gü­nüň-gü­nü­ne gö­ni ýaý­lym­da köp­çü­li­ge ýe­ti­rilýän dün­ýä­niň meşhur fut­bol du­şu­şyk­la­ry­nyň türk­men di­lin­dä­ki tes­wir­le­ri ýur­du­my­zyň fut­bol kom­men­ta­tor­la­ry­nyň hem hil ba­ba­tyn­da täze derejä çykandyklaryny gör­kez­ýär.

Bu ugur­da dün­ýe­den öten­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, köp­le­riň söý­gü­si­ni ga­za­nan ha­ly­pa sport tes­wir­leý­ji­si Aman­mu­ham­met Ça­ry­ýe­wiň te­le­ýaýlym­da alyp ba­ran fut­bol du­şu­şyk­la­ryn­da­ky tes­wir­le­me­le­ri jan­kö­ýer­le­riň hä­li-hä­zi­rem ha­ky­da­syn­da­dyr. Özüm fut­bol ha­kyn­da ýa­zam­soň, Aman­muham­met aga bi­len köp pi­kir al­şar­dym. Ýa­zan ma­ka­laň­da ýa-da bol­ma­sa taý­ýar­lan gep­le­şi­giňde nä­ta­kyk­lyk bol­du­gy da­gy, ýa­şu­ly žur­na­listiň ja­ňy­na ga­ra­şy­ber on­soň. Sy­pa­ýy dü­şün­diriş­den baş­la­nan gür­rü­ňiň so­ňun­da goý­be­ren säwlikleriň aýyl-sa­ýyl bol­ýar du­ru­ber­ýär. Ga­raz, ha­ly­pa žur­na­list üçin ow­nuk me­se­le bol­maz­dy. «Bi­ziň ýaz­ýan, gür­le­ýän zat­la­ry­my­zy mil­li­on­lar diň­le­ýär. Şo­nuň üçin ýal­ňyş­maz­ly­ga ça­lyş­ma­ly» di­ýip sar­gyt eder­di.

50 ýyl­dan gow­rak sport žur­na­lis­ti­kasy­ny hem­ra edi­nen Aman­mu­ham­met Ça­ry­ýew sport kom­men­ta­to­ry hökmün­de il­kin­ji re­por­ta­žy­ny ba­ryp-ha 1969-njy ýy­lyň 14-nji ma­ýyn­da alyp ba­ryp­dy. Şon­da onuň ha­ly­pa­la­ry­nyň ak pa­ta­sy­ny alyp, tes­wir­län il­kin­ji oý­ny Aş­ga­ba­dyň «Stroi­tel» we Biş­ke­giň «Al­ga» to­par­la­ry­nyň ara­syn­da­ky du­şu­şy­ga gabat ge­lip­di. Ýaş­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, şol ge­zek­ki tes­wir­le­me­si bu ugur­da «köp çor­ba so­wa­dan» hü­när­men­le­riň ýo­ka­ry ba­ha­sy­na my­na­syp bo­lup­dy. Aman­mu­ham­met aga hut şu to­par­laryň ara­syn­da ge­çen asy­ryň 90-njy ýyl­la­ry­nyň baş­la­ryn­da ge­çi­ri­len oý­ny hem ýat­la­ma­gy go­wy gö­rer­di.

Ha­ly­pa žur­na­list bu ba­ra­da: «Şol oýun hiç ýa­dym­dan çyk­maz. 1991-nji ýy­lyň 24-nji oktýab­ryn­da Aş­ga­ba­dyň «Kö­pet­dag» we Biş­ke­giň «Al­ga­sy­nyň» ara­syn­da­ky oý­ny tes­wir­läp­dim. Şol gün «Kö­pet­dag» gar­şy­da­şy­ny 2:0 ha­sa­byn­da ýe­ňip, 12 ýyl­dan soň, SSSR-iň çem­pio­na­ty­nyň 1-nji li­ga­syn­da çy­kyş et­mä­ge hu­kuk ga­za­nyp­dy. Ýö­ne soň­lu­gy bi­len GDA-nyň çäk­le­rin­de bi­te­wi bir fut­bol ýa­ry­şy­ny gu­ra­mak ba­ra­da­ky gür­rüňler gol­daw tap­man­dy. Em­ma şol üs­tün­li­giň we­li uzak wagt­lap tä­si­rin­den çy­kyp bil­män­dik» diýip, sport žurnalisti Ho­ja­ber­di Ap­ba­ýe­we tes­wir be­ren­de ýat­lap ge­çip­di.

«As­lyn­da sport tes­wir­leý­ji­le­ri tä­si­rin­den çy­kyp bol­ma­ýan oýun­lar bi­len ýa­şa­ýar» di­ýip bel­län Aman­mu­ham­met aga «Kö­pet­da­gyň» Azi­ýa­nyň Ku­bok eýe­le­ri­niň ku­bo­gy ug­run­da­ky bäs­le­şi­gi­niň ýa­rym fi­na­lyn­da oý­nap, türk­men fut­bo­ly ha­kyn­da ýa­kym­ly ýat­la­ma gal­dy­ran­dygy­ny köp ýat­lar­dy.

Ol bu ba­ra­da: «1998-nji ýy­lyň ap­rel aýyn­da Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň Er-Ri­ýad şä­he­riniň merke­zi sta­dio­nyn­da Azi­ýa döw­let­le­ri­niň ku­bo­gy­ny eýe­län to­par­la­ryň ara­syn­da­ky ýa­rym fi­nal duşu­şy­gy ge­çi­ri­lip­di. Şon­da iki oýun üçin şert­na­ma bag­la­şyp, bol­ga­ri­ýa­ly dün­ýä bel­li oýun­çyHris­to Stoiç­ko­wy gar­şy­da­şy­my­zyň kä­ren­de­si­ne alandy­gy­ny-da ýat­la­sym gel­ýär. Se­bä­bi, «Kö­pet­dag» bi­len ge­çi­ri­len oýun­da ol öz to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­ti­ren pök­gi­ni ge­çi­re­nem bol­sa 11 metr­lik ur­gu­sy­ny dürs ýe­ri­ne ýe­ti­rip bil­män­di.Has dog­ru­sy, der­we­ze­çi­miz Ýew­ge­niýNa­boý­çen­ko onuň ur­gu­sy­ny yzy­na gaý­tar­ma­gy ba­şa­ryp­dy» di­ýip ýat­lar­dy.

Ha­ly­pa žur­na­lis­ti­miz hä­zir­ki wagt­da ýur­dumyz­da žur­na­list­le­ri, şol san­da hal­ka­ra žur­nalist­le­ri­ni taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça tu­tum­ly iş­le­riň ge­çi­ri­lip ug­ra­lan­dy­gy bi­len bag­ly be­gen­ji­ni paý­la­şar­dy. Ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ge­ri­mi­niň ju­da giň­li­gi bi­len özü­ne çek­ýän­di­gini di­le ge­ti­rer­di: «Dog­ru­sy­ny aýt­sak, şu ge­çen ýyl­la­ryň do­wa­myn­da hä­zir­ki ýa­ly gal­ky­ny­şyň möwç uran ma­ha­ly ýa­dy­ma düş­me­ýär. Ýa­dy­ma düş­me­zem. Se­bä­bi hiç ha­çan şu dö­wür­dä­ki ýa­ly spor­ta çyn­la­kaý üns ber­len ma­ha­ly bol­man­dy. In­di sport çä­re­le­ri­ni ýo­ka­ry de­re­je­de tes­wir­leme­gi ba­şar­jak hü­när­men­le­ritaý­ýar­la­mak me­sele­si öňe çyk­ýar. Özem hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­ny­ňam ha­ta­ry­nyň art­ýan­dy­gy bu işe has tö­we­rek­le­ýin çe­me­le­şil­me­gi­ni ta­lap ed­ýär.Hut şo­ňa gö­rä-de, hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da žur­na­list­le­rem, sport žur­na­list­le­rem taý­ýar­la­nyl­ýar. Mu­nuň özi Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ga­ty uzak­la­ry na­zar­la­ýan tu­tum­la­ra ba­dal­ga ber­ýän­di­gi­niň gü­wä­si­dir».

Onuň ýat­la­ma­la­ry­nyň bi­rin­de: «1993-nji ýy­lyň aw­gust aýyn­da Türk­me­nis­ta­nyň fut­bol bo­ýun­ça mil­li ýy­gyn­dy­sy Ita­li­ýa­nyň Kar­ra­ra şä­he­rin­de il­kin­ji ge­zek ge­çi­ri­len «Mer­mer kubo­gy» at­ly hal­ka­ra ýa­ry­şy­na gat­naş­dy. Şon­da wekiliýetiň dü­zü­mi­ne sport kom­men­ta­to­ry hök­mün­de me­ni hem goş­du­lar... Oýun­la­ryň ýok gün­le­ri şä­he­re öz­baş­dak sy­ýa­hat eden wag­tymyz hiç kim bi­len dü­şü­ni­şip bil­män kö­se­nendi­gi­miz ýa­dy­ma düş­ýär. On­soň her kim rus­ça, iň­lis­çe, ital­ýan­ça bil­ýän söz­le­ri­ni dü­rüş­de edip, ge­pi­ni dü­şün­dir­mä­ge ça­lyş­ýar­dy. Bu gün­ki gün ýur­du­myz­da hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­nyň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­me­gi da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ren­mäge-de uly iter­gi ber­ýär» diý­me­gi hem ha­ly­pa žur­na­lis­tiň bu ug­ra uly üns be­ril­ýän­di­gi­ne bi­çak be­ge­nen­di­gi­ni gör­kez­ýär.

Mun­dan baş­ga-da, ýurt­la­ryň on­lar­ça­synda bo­lan Aman­mu­ham­met aga türk­men mil­li saz­la­ry­nyň, ga­raz, ata Wa­ta­ny­myz bi­len bag­ly tä­sir­le­riň oýun­çy­la­ry­my­za oňyn tä­sir ed­ýändi­gi­ni aý­ra­tyn bel­lär­di: «Ita­li­ýa­da ge­çi­ri­len «Mer­mer ku­bo­gy» at­ly hal­ka­ra ýa­ry­şy­nyň er­tesi bi­zi Flo­ren­si­ýa, Pi­za şä­her­le­ri­ne alyp git­di­ler. Og­lan­lar, ýa­daw bo­lan­soň­lar, aw­to­bu­syň içinde-­de my­la­ýym ital­ýan sa­zy­nyň tä­si­ri as­tyn­da ýa­rym uku­da meý­mi­räp ýa­tyr­dy­lar. Aw­to­bus Flo­ren­si­ýa şä­he­ri­ne gi­ri­be­ren­de ýa­nym bi­len alyp ba­ran kas­se­ta­my sü­rü­jä be­rip, şo­ny eşitdir­me­gi­ni ha­ýyş et­dim. Şon­da il­kin­ji ýaň­la­nan aý­dym Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti Je­mal Sa­pa­ro­wa­nyň ýe­ri­ne ýe­tir­me­gin­de «Gaş­ly ýar» at­ly halk aý­dy­my bo­lup­dy. Şol pur­sat og­lan­lar oýa­nyp, be­genç­le­ri­ne el çar­pyp baş­la­dy­lar. Olar Wa­tan­dan alys­da bol­sa­la­ram, öz­le­ri­ni Türk­menis­tan­da ýa­ly duý­du­lar. Şeý­le duý­gy­ny di­ňe ol ýer­ler­de bo­la­nyň­da baş­dan ge­çi­rip bol­ýar».

Baý­ry žur­na­lis­ti­miz de­giş­gen adam bo­lupdy. Öň­ki so­ýu­zyň çä­gin­de türk­me­niň Oze­ro­wy (rus­si­ýa­ly bel­li kom­men­ta­tor Ni­ko­laý Oze­row, 1922 – 1997 ý.ý.) diý­lip ta­nal­ýan Aman­muham­met aga fut­bol du­şu­şyk­la­ry­ny gö­ni ýaý­lymda alyp ba­ran­da jan­kö­ýer­le­riň is­len­di­gi onuň bi­len özü­ni kö­ne ta­nyş ýa­ly du­ýar­dy. Onuň şeý­le bol­ma­gyn­da ze­hin­li kom­men­ta­to­ryň alyp bar­ýan fut­bol du­şu­şyk­la­ry­nyň ara­syn­da de­gişme ähe­ňin­dä­ki gür­rüň­le­ri­niň or­ny ulu­dy.

Ha­ly­pa žur­na­lis­ti­miz Goç­na­zar Heş­de­kow – Aman­mu­ham­met Ça­ry­ýew bi­len köp pi­kir al­şan, onuň bi­len da­şa­ry ýurt­la­ryň bir­nä­çe­si­ne bi­le gi­den hü­när­men. Onuň gür­rüň ber­megi­ne gö­rä, ge­çen asy­ryň 90-njy ýyl­la­ry­nyň baş­la­ry­na paý­tag­tyň «Kö­pet­da­gy» bi­len AFK-nyň Çem­pion­lar li­ga­sy­nyň Paw­lo­dar­da «Ir­ty­şyň» (Gaza­gys­tan) soň, Gor­gan­de­pä­niň «Wah­şy­nyň» (Tä­ji­gis­tan) ge­çi­ri­len du­şu­şyk­lary ba­ra­da­ky gür­rüň­le­rin­de Aman­mu­ham­met aga­nyň ýo­ka­ry tes­wir­leý­ji­lik us­sat­ly­gy, onuň her bir oýun pur­sa­dy­na ba­ha ber­mek, iň esa­sy hem, ene di­li­mi­zi su­wa­ra bi­lip, öz şi­re­si bi­len jan­kö­ýer­le­re ýe­tir­mek ba­şar­ny­gy ba­ra­da­ky söh­bet­ler aý­ra­tyn orun eýe­le­ýär. Onuň gür­rüň ber­me­gi­ne gö­rä, Gor­gan­de­pe­de bo­lan du­şuşyk­dan soň­ky da­ba­ra­da eden çy­ky­şyn­da bel­li tä­jik tes­wir­leý­ji­si Aman­mu­ham­met Ça­ry­ýe­wi «türk­me­niň Oze­ro­wy­na» de­ňe­mek bi­len, onuň tes­wir­leý­ji­lik sun­ga­ty­na ýo­ka­ry ba­ha be­rip­dir. Iki türk­men žur­na­lis­ti­niň Paw­lodar­da bo­lan oý­nuň yk­ba­ly­na ýe­ti­ren tä­sir­le­ri ha­kyn­da­ky ha­ky­kat hem ýat­la­ma­lar­da aý­ra­tyn orun eýele­ýär...

Aman­mu­ham­met aga ha­ly­pa­sy Işan Ga­raýew­den bu ugur­da köp zat­la­ry öw­re­nen­di­gi­ni ýat­la­ma­gy go­wy gö­rer­di: «Me­niň ha­ly­pa­la­rymyň bi­ri Işan Ga­ra­ýew hem ga­ty wä­şi adam­dy. Bir ge­zek fut­bol oý­nu­nyň ara­kes­me­sin­de ol me­ni ýa­ny­na ça­gy­ryp, Aman­mu­ham­met, şu Bo­ris Ýa­ki­men­ko­nyň re­por­taž alyp bar­ýan ýe­ri ra­dio, em­ma her ýal­ňy­şan­da: «Ba­gyş­laň, ra­dio­diň­leý­ji­ler» - diý­ýär we­li, onuň ýal­ňyşa­ny­ny gör­ýän ýok ahy­ry di­ýe­ni ýa­dym­da ga­lyp­dyr. Onuň baş­ga-da şu­nuň ýa­ly de­giş­me­li gür­rüň­le­ri köp­di. Ine, şol ha­ly­pam hem me­niň fut­bol du­şu­şyk­la­ry­ny tes­wir­le­me­gi­miň ug­ru­ny kes­git­läp­di».

Umu­man, Aman­mu­ham­met Ça­ry­ýew hakyn­da nä­çe ýat­la­saň ýat­lap otur­ma­ly. Onuň türk­men žur­na­lis­ti­ka­syn­da öz­bo­luş­ly­ly­gy, tu­tan­ýer­li­li­gi, hiç ke­siň­kä meň­ze­me­ýän re­portaž­la­ry bu gün­ki gün ýaş ko­mmen­ta­tor­la­ra ýol­gör­ke­zi­ji bo­lup hyz­mat ed­ýär.

Orazgeldi GELDIÝEW.

Çeşme: «Türkmen sporty» gazeti, 16.01.2021 ý.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar