Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BSG-niň maslahatçysy tarapyndan Türkmenistanda dümew barada okuw maslahaty geçirildi

12:1306.04.2025
0
17410

24-nji mar­t — 4-nji ap­re­l ara­ly­gyn­da Aşgabatdaky Jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy we iý­mit mer­ke­zi­niň re­fe­rens bar­lag­ha­na­ly wi­ru­so­lo­gi­ýa bö­lü­mi­niň wi­ru­so­log luk­man­la­ry üçin Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Sankt-Pe­ter­burg şä­he­rin­dä­ki A.Smo­ro­din­sew adyn­da­ky Dü­mew yl­my-bar­lag ins­ti­tu­ty­nyň yl­my iş­ler bo­ýun­ça di­rek­to­ry­nyň orun­ba­sa­ry, Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň mas­la­hat­çy­sy Dar­ýa Da­ni­len­ko­nyň gat­naş­ma­gyn­da dü­mew wi­ru­sy­nyň öý­jük kul­tu­ra­sy­ny bö­lüp çy­kar­ma­gyň hem-de an­ti­gen hä­si­ýet­le­ri­niň aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­ra­da okuw mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.
Mer­ke­ziň bu bö­lü­min­de «Türk­me­nis­tan­da pan­de­mi­ki dü­me­we taý­ýar­ly­gyň Mil­li me­ýil­na­ma­sy­ny» ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len, ady ag­za­lan yl­my-bar­lag ins­ti­tu­ty­nyň hü­när­men­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da dü­mew wi­ru­sy­ny do­ly ge­nom­ly sek­we­nir­le­mek bo­ýun­ça ama­ly okuw sa­pak­la­ry ge­çi­ril­di.
Dü­me­wiň ählumumy gö­zeg­çi­lik we jo­gap ul­ga­my (GISRS) 1952-nji ýyl­da dü­mew wi­rus­la­ry­nyň ewol­ýu­si­ýa­sy­na gö­zeg­çi­lik et­mek we san­jym­la­ryň dü­zü­mi ba­ra­da yzy­gi­der­li tä­ze­len­ýän tek­lip­le­ri ber­mek üçin Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan dö­re­dil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da bu uly bar­lag­ha­na ul­ga­my dü­me­wiň mil­li mer­kez­le­ri­ni, BSGG-niň hyz­mat­daş­lyk mer­kez­le­ri­ni, gö­zeg­çi­lik bar­lag­ha­na­la­ry­ny, 130 ýurt­da­ky 150-den gow­rak eda­ra­ny bir­leş­dir­ýän, epi­de­mi­ýa we pan­de­mi­ýa mümkinçilikleri ba­ra­da ha­bar ber­ýän ul­gam­dyr.
Türkmenistan 2015-nji ýyl­dan bä­ri Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň Ýew­ro­pa se­bi­ti bo­ýun­ça dü­me­we gö­zeg­çi­lik et­mek ba­bat­da­ky bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ra do­ly gat­na­şyp gel­ýär. Hä­zir Türk­me­nis­tan dü­mew pan­de­mi­ýa­sy­na taý­ýar­lyk tas­la­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­ýän BSGG-niň Ýew­ro­pa se­bi­tin­dä­ki al­ty ýur­duň bi­ri­dir.
Türkmenistanda dü­mew we ýi­ti res­pi­ra­tor wi­rus­la­ry­ň epi­de­mio­lo­gi­k we bar­lag­ha­na gö­zeg­çi­lik kuw­wa­ty güýç­len­di­ril­di. Dü­me­wiň gö­zeg­çi­li­gi ul­ga­my­na Aş­ga­bat, Ar­ka­dag şä­her­le­rin­de hem-de we­la­ýat­lar­da ýer­leş­ýän gö­zeg­çi­lik no­kat­la­ry gi­ri­zil­di.
Dü­me­we we ýi­ti res­pi­ra­tor wi­rus­la­ra gö­zeg­çi­lik mag­lu­mat­la­ry­ny do­lan­dyr­ma­gyň elekt­ron ul­ga­my iş­le­nip dü­zül­di. Mu­nuň özi dü­me­wiň gö­zeg­çi­lik se­bi­tin­den mag­lu­mat­la­ry çalt ýyg­na­ma­ga we der­ňe­mä­ge hem-de de­giş­li çä­re­le­ri gör­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­dä­ki iş­le­riň ne­ti­je­sin­de Jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy we iý­mit mer­ke­zi­niň re­fe­rens bar­lag­ha­na­ly wi­ru­so­lo­gi­ýa bö­lü­mi­ne 2019-njy ýyl­dan bä­ri BSGG ta­ra­pyn­dan dü­mew bo­ýun­ça Mil­li mer­kez de­re­je­si be­ril­di. Ge­çi­ril­ýän bar­lag­ha­na bar­lag­la­ry­nyň hi­li­ne yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­li­giň ne­ti­je­sin­de bu de­re­je hä­zir­ki wag­ta çen­li sak­lan­ýar. Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň hyz­mat­daş­lyk mer­ke­zi bo­lan Gon­kong şä­he­rin­dä­ki dü­mew mer­ke­zi­niň bar­lag­ha­na­syn­dan yzy­gi­der­li ibe­ri­len nä­bel­li nus­ga­lyk­la­ryň ne­ti­je­le­ri ka­na­gat­la­nar­ly ha­sap­la­ny­lyp, her ýyl bu ba­ra­da BSGG-niň gü­wä­na­ma­la­ry alyn­ýar.
Jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy we iý­mit mer­ke­zi­niň re­fe­rens bar­lag­ha­na­ly wi­ru­so­lo­gi­ýa bö­lü­mi­niň bar­lag­ha­na­syn­da bö­lü­nip çy­ka­ry­lan dü­mew wi­rus­la­ry­nyň nus­ga­lyk­la­ry BSGG-niň Lon­don şä­he­rin­de ýer­leş­ýän Fren­sis Krik adyn­da­ky hyz­mat­daş­lyk mer­ke­zi­ne de­giş­li bar­lag­la­ra ibe­ril­di. Bar­lag­ha­na­da bu ugur­da­ky iş­ler do­ly we ta­la­ba­la­ýyk ge­çi­ril­ýär. Mu­nuň özi dü­mew wak­si­na­sy­nyň dü­zü­mi üçin ştamm­la­ry yl­my taý­dan saý­la­ma­ga kö­mek ed­ýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň