BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasyndan Türkmenistana hoş habar gelip gowuşdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň Tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şu mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi we onda döwlet Baştutanyna Halk Maslahatynyň adyndan gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Halk Maslahatynyň Başlygynyň gutlag hatynda bellenilmegine görä, Milletler Bileleşiginde kabul edilen täze Kararnama bilen, «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny» şu ýylyň 5 – 8-nji awgusty aralygynda Türkmenistanda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kesgitlenildi.
Gutlagda 2022-nji ýylda Awazada halkara hem-de sebitara guramalaryň gatnaşmagynda «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň halkara maslahatynyň» geçirilmeginiň, onuň dowamynda durnukly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek ýaly möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini berkarar etmek boýunça başlangyçlaryna dünýäde ýokary baha berilýändigini görkezýändigi hem nygtalýar.