Nigeriýanyň 36 ştatynyň 30-syna gark bolmak howpy abanýar diýip, ýurduň suw gorlary we arassaçylyk ministri Jozef Utsew habar berdi. Bu barada «Vanguard» gazetine salgylanýan «Report» ýazýar.
Ministriň sözlerine görä, ýagyşlar möwsüminde sil joşmalary 33 ştatdaky 3400-den gowrak ilatly ýerlere galtaşyp biler. Olaryň hatarynda Nigeriýanyň iri şäherleri-de bar.
Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça milli agentligiň maglumatlaryna laýyklykda, geçen 2024-nji ýylda Nigeriýada sil joşgunlarynda 321 adam gurban boldy, 3 müňe golaý adam ýaralandy. 740 müňden gowrak adam öýüni terk etmäge mejbur boldy. Oba hojalyk ekinleriniň müňlerçe gektary hatardan çykdy.