Şu ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy Diýar Yhtyýarow Özbegistan Respublikasynyň Ýaşlara goldaw merkezi we «Scientific Academy» ylmy-barlag merkezi tarapyndan guralan halkara bäsleşikde ýeňiji boldy.
Ýaş alym bäsleşige «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän döwletleriň ekologik abadançylygyny berkitmek» atly ylmy işini hödürledi. Onuň işi ylmy geňeş tarapyndan biragyzdan makullandy we oňa ýokary baha berildi.
Bäsleşikde ýeňiji bolandygy üçin Diýar Yhtyýarow Diplom, ID-sertifikat hem-de «Wepaly zähmeti üçin» ordeni bilen sylaglanyldy.