5-nji aprelde "Türkmenistan Sport" teleýaýlymy türkmen janköýerlerine öňdebaryjy ýewropa futbol çempionatlarynyň duşuşyklaryny göni ýaýlymda hödürlär.
Tomaşaçylar dört duşuşygy göni ýaýlymda görüp bilerler:
- Sagat 16:30-da Angliýanyň Premýer-ligasynyň göni ýaýlymy bolup, onda "Ewerton" Londonyň "Arsenal" toparyny kabul eder
- Sagat 19:15-de Ispaniýanyň La Liga çempionatynyň çäklerinde Madridyň "Realy" we "Walensiýa" toparlarynyň duşuşygy görkeziler
- Sagat 21:30-da tomaşaçylar Angliýanyň Premýer-ligasynyň toparlarynyň duşuşygyny görerler, onda "Aston Willa" "Nottingem" bilen duşuşar
- Futbol gününi 23:45-de Italiýa Seriýa A-nyň göni ýaýlymy tamamlar, onda "Milan" topary "Fiorentina" bilen duşuşar.