Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýelena Grigorýans Gaagada geçiriljek BODYCOMBAT halkara haýyr-sahawat festiwalynda ýene-de Türkmenistana wekilçilik eder

12:2005.04.2025
0
30743

2025-nji ýylyň 5-nji aprelinde türkmen türgeni Ýelena Grigorýans Niderlandlaryň Gaaga şäherinde geçirilýän Global United BODYCOMBAT Event abraýly halkara çäresinde bassyr ikinji ýyl Türkmenistana wekilçilik edip, çykyş eder.

Jek Ýutte tarapyndan gurnalan uly göwrümli haýyr-sahawat çäresi dünýäniň dürli künjeklerinden 1500-den gowrak gatnaşyjyny bir ýere jemleýär. Bu çärede 45 ýurtdan 100-den gowrak halkara alyp baryjylaryny we tälimçilerini birleşdirip, düwnük keseline garşy göreşde serişdeleri toplamaga gönükdirilen uly göwrümli türgenleşik okuwy geçiriler.

Ýelena Grigorýans — Türkmenistanyň Les Mills maksatnamasynyň ýeke-täk halkara derejesindäki şahadatnamasyna eýe bolan tälimçisidir we bu abraýly çärä öz ýurduna wekilçilik etmek hormatyna mynasyp bolan ýeke-täk Merkezi Aziýa ýurdundan gatnaşyjydyr. Geçen ýyl, 2024-nji ýylyň 16-njy martynda geçirilen şuňa meňzeş çärede ol üstünlikli çykyş edipdi.

Ýelenanyň fitnes pudagyndaky ussatlyk ýoly 2016-njy ýylda Ben Wader adyndaky Fitnes we Bodibilding Kollejini üstünlik bilen tamamlandan soň başlandy. Ol Aşgabatda meşhur Bodysculpt maksatnamasynyň awtorydyr, 2019-njy ýyldan bäri bolsa Türkmenistanda Les Mills Bodycombat maksatnamasyny üstünlikli ösdürip gelýär.

Birnäçe ýyllap tälimçilik iş tejribesiniň dowamynda Ýelena Bodycombat maksatnamasyny alyp barmakda iň ýokary ussatlyk derejesine ýetdi we Les Mills ugrunyň bäşisiniň: BODYCOMBAT, BODYBALANCE, GRIT, BODYPUMP alyp baryjysy boldy, şeýle hem BODYCOMBAT boýunça «Advance», ýagny «Ösen» derejesine eýe boldy.

Global United BodyCombat EVENT 2025 çäresi düwnük keseline garşy göreşi goldamak üçin haýyr-sahawat başlangyjynyň möhüm dowamydyr hem-de Türkmenistanyň halkara sport çärelerinde wekilçilik edilmegi üçin ýene-de bir mümkinçilik bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň