Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda türkmen-rumyn iş toparynyň 8-nji mejlisi geçirildi

11:5502.04.2025
0
13780

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň binasynda Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň sekizinji mejlisi geçirildi. Oňa rumyn tarapyndan Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň Döwlet sekretary Pawel-Kasian Nituleskunyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýet, türkmen tarapyndan bolsa Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, «Türkmengaz», «Türkmennebit», «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň, «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada türkmen metbugatynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, mejlisiň dowamynda taraplar deňhukuklylyk we özara ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýän türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Mejlisiň barşynda iş toparynyň ýedinji mejlisiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilişi barada maglumatlar diňlenildi.

Taraplar energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge we gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen anyk çäreleri-de ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň sekizinji mejlisiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Rumyniýaly myhmanlar Aşgabatda Türkmen halysynyň milli muzeýine hem baryp gördüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň