9-njy aprelda Türkmenistanda birža söwdalarynyň barşynda jemi 50 645 müň manada we 1 841 430 dollara deň bolan 8 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet-haryt çig mal biržasynyň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Owganystan we Gonkong döwletleriniň işewürleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy, «Türkmennnebit» döwlet konserninden «TS-1» kysymly uçar kerosininy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Içerki bazarda ýerli işewürler Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden float aýnasyny we Dokma senagaty ministrliginden boýalan flanel matasyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.