Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow 10-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde Daşary işler ministrliginiň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, iş meýilnamasy 10 bapdan ybaratdyr. Hususan-da, resminamanyň «Guramaçylyk meseleleri» atly babynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowyň kabul eden resminamalaryny ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň diplomatik gullugy tarapyndan durmuşa geçiriljek işler barada bellenilýär. Şeýle hem dürli halkara maslahatlarda, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny, öňe sürjek täze tekliplerini taýýarlamak barada hem nygtalýar. Şunuň bilen bir hatarda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalary durmuşa geçirmek bilen bagly işleri ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar. Iş meýilnamasynyň taslamasynda türkmen döwletiniň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň işiniň esasy ugurlary barada-da aýdylýar.
Meýilnamanyň «Türkmenistanyň daşary syýasy hyzmatdaşlygy» atly babynda türkmen döwletiniň Ýewropa, Orta Gündogar, Ýakyn Gündogar we Afrika, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti, Amerika ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işler beýan edilýär. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn saparlary, syýasy geňeşmeleri we duşuşyklary, özara gatnaşyklaryň dürli ugurlary boýunça beýleki çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, meýilnama «Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk», «Daşary syýasy habarlar we sanly diplomatiýa» ýaly ugurlary öz içine alýar. Onuň «Halkara ykdysady hyzmatdaşlyk» atly baby Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň arasynda döredilen hökümetara toparlaryň işlerini has-da pugtalandyrmak, Türkmenistanyň eksport we maýa goýum mümkinçiliklerine bolan gyzyklanmany artdyrmak boýunça daşary ýurtlaryň döwlet edaralary, kompaniýalary we banklary, halkara ykdysady, maliýe guramalary bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek ýaly çäreleri özünde jemleýär. «Hukuk meseleleri» baby Türkmenistan tarapyndan baglaşylmagy göz öňünde tutulýan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak meselelerine bagyşlanýar. Şeýle hem ol konsullyk işine, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak, protokol we beýleki meselelere degişli baplary öz içine alýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz türkmen döwletiniň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna pugta eýermek bilen, dünýäde ählumumy abadançylyga gönükdirilen işjeň daşary syýasaty alyp barýandygyny belledi.
Döwlet Baştutany geljekde-de Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň durmuşa geçirilip, parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli gatnaşyklaryň ösdüriljekdigini, «Açyk gapylar» syýasatynyň dowam etdiriljekdigini nygtady we Daşary işler ministrliginiň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy diýip, TDH habar berýär.