Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäherinde Çeper halyçylyk kärhanasy hem-de Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýi gurlar

08:5211.01.2025
0
12154

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine Arkadag şäherinde Çeper halyçylyk kärhanasynyň hem-de Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýiniň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün --- 10-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda degişli Karara gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Gurluşyk işlerine 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak hem-de binany 2027-nji ýylyň ýanwar aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Resminama «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, şeýle hem Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň