Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäde hususy kompýuterleriň satuwy artdy

11:1010.01.2025
0
13211
Dünýäde hususy kompýuterleriň satuwy artdy
Surat: bcs-express.ru

Dünýäde hususy kompýuterleriň satuwy geçen ýylyň dördünji çärýeginiň jemleri boýunça ondan öňki ýylyň degişli döwründäkiden 1,8 göterim, ýagny 68,9 million birlik artdy. Bu barada «International Data Corporation» (IDC) kompaniýasynyň deslapky maglumatlaryna salgylanýan «INTERFAX.RU» ýazýar.

2024-nji ýylyň tutuş jemleri boýunça satuwlar 1 göterim ýokarlanyp, 262,7 mln birlige deň boldy.

Bazar garaşylanyndan az depginde dikelýär. Dördünji çärýekde Hytaýda döwlet kömeginiň berilmegi sarp ediş pudagynda ýagdaýyň gowulanmagyna getirdi diýip, «IDC Worldwide Mobile Device Trackers» kompaniýasynyň wekili Jiteş Ubrani gürrüň berýär.

Hünärmen emeli aňyň husuy kompýuterlere ornaşdyrylmagynyň öz gezeginde bazara biraz soňrak oňyn täsir etjekdigini çaklaýar.

2024-nji ýylda bazarda öňdeligi Hytaýyň «Lenovo» kompaniýasy eýeledi, onuň paýy 23,5 göterime çenli artdy. Ikinji orunda Amerikanyň «HP Inc.» önümçilikçisi (20,2 göterim) ýerleşdi. Ilkinji bäşlige şeýle hem, «Dell Technologies» we «Apple Inc.» (14,9 we 8,7 göterim) hem-de Taýwanyň «Asus» kompaniýasy (6,8 göterim) girdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň