Gazagystanyň günortasyndaky Žambyl oblastynda agramy 6 kilogramdan geçýän bäbek dünýä indi diýip, ýurduň Saglygy goraýyş ministrligine salgylanýan «Report» habar berdi.
«Žambyl oblastynyň ýaşaýjysy Aýgerim Tukeýewa ilkinji gezek ene boldy, lukmanlar bäbegiň agramynyň ýokarydygy sebäpli garny kesip alma operasiýasyny geçirmeli boldular. Şeýle bäbeklere dünýä lukmançylygynda mähnetler diýilýär» diýlip, edarada aýtdylar.
Körpe bilen ejesiniň özüni gowy duýýandygy hem-de bäbekhanadan çykmaga taýýarlyk görýändikleri aýdylýar.