San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karluş Wila Nowa ýurduň Hökümetiniň işini ýatyrýandygyny habar berdi. Bu barada «STP-Press» döwlet habarlar gullugyna salgylanýan «Report» ýazýar.
Döwlet Baştutany gelen kararyny Ministrler Kabinetiniň işiniň täsirsizdigi we Premýer-ministr Patrisa Trowoadanyň häli-şindi iş ýerini terk edýändigi bilen düşündirdi.
Habarda Premýer-ministriň yzygiderli ýagdaýda ýurduň çäginden daşarda bolmagynyň döwletiň hem-de halkyň bähbidine ters gelýändigi, döwletiň gaznasynyň bihuda çykdajylaryna getirýändigi bellenýär. Ýagdaý bilen baglylykda, Karluş Wila Nowa Premýer-ministr Trowoadanyň ýolbaşçylyk edýän dolandyryjy «Garaşsyz demokratik partiýasyna» 72 sagadyň dowamynda Premýer-ministriň wezipesine başga dalaşgäri hödürlemegi teklip etdi.