Gazagystanyň demirgazygyndaky «Astana-Şuçinsk» gara ýolunda 95 sany ulagyň gatnaşmagynda uly ýol-ulag hadysasy boldy. Bu barada «KazAwtoŽol» awtoýollaryň milli operatorynyň metbugat gullugyna salgylanýan «Belta.by» ýazýar.
Heläkçilik 3-nji ýanwarda Žanatalap obasynyň golaýynda ýerli wagt bilen sagat 13:30-da boldy. Syrgyn, sürüjileriň tizlik hem-de howpsuz aralygy saklamak düzgünlerini berjaý etmezligi ýol-ulag hadysasyna getirdi.