Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

13-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

16:0313.12.2024
0
13210

12-nji dekabrda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy bellenildi, Arkadag şäheri Hil seljeriş boýunça Ýewropa jemgyýetiniň abraýly baýragy bilen sylaglandy, Türkmenistan GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. 12-nji dekabrda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy bellenildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryna iberen Gutlagynda Bitaraplygyň ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary durmuşa geçirmegiň, halkara derejede wajyp meseleleri dialog arkaly çözmegiň möhüm şertidigini aýtdy.
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralar ýurduň ähli sebitlerinde giňden ýaýbaňlandyryldy. Türkmenistanyň Prezidenti ir bilen Bitaraplyk binasyna gül goýdy, soňra döwlet Baştutany baýramçylyk konsertine gatnaşdy.

2. Baýramçylygyň öňüsyrasynda Daşoguz şäherinde täze iki gatly «Kamaz» okuw-hyzmat merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Merkez Bitaraplyk köçesinde, Daşoguz – howa menzili awtomobil ýolunyň golaýynda ýerleşýär. Ol «Kamaz» kysymly ulaglaryň ähli görnüşlerini barlamak, hyzmat etmek we abatlamak üçin Russiýada öndürilen iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr.

3. Türkmenistanyň demirgazyk sebitinde gurlan täze desgalaryň hatarynda ýerleşdirilişi has gowulandyrylan bir we iki gatly kottejleriň, dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 70-si ulanmaga berildi. Şeýle hem 600 orunlyk umumybilim berýän mekdep, 240 orunlyk çagalar bagy, döwrebap saglyk we söwda merkezleri açyldy.

4. Türkmenbaşy şäheriniň Aýtakow köçesiniň ugrunda ýaşaýyş jaýlarynyň 5-si açylyp ulanmaga berildi. Jaýlaryň her birinde ýerleşdirilişi has gowulandyrylan we ähli amatlyklary özünde jemleýän 60 öý bar.

5. Gökdepe metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna sadaka berildi. Sadaka Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Türkmenistanyň müftüsi mukaddes Gurhandan aýat-doga okady we zyýaratyň kabul bolmagyny, öten-geçenleriň jaýlarynyň jennet, ruhlarynyň şat bolmagy dileg etdi. Gurbanguly Berdimuhamedow sadaka gatnaşýanlara ýüzlenip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň uly ösüşlere eýe bolandygyny hem-de milli däp-dessurlaryň dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Soňra sadaka gatnaşyjylara milli naharlar çekildi. Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okap, ýurduň abadançylygy we gülläp ösmegi barada dileg etdi.

6. Arkadag şäheri Hil seljeriş boýunça Ýewropa jemgyýetiniň abraýly baýragyna mynasyp boldy. Baýrak gowşurylyş dabarasy Wena şäherinde geçirildi. Baýrak Arkadag şäheriniň iň täze tehnologiýalary we ekologiýa taýdan arassa usullary birleşdirip, durnukly şäherleşmäniň nusgasyny döretmekde gazanan üstünligini görkezýär.

7. GDA-nyň tertipnamalaýyn we beýleki guramalarynda Türkmenistanyň hemişelik doly ygtyýarly wekili Nazarguly Şagulyýew Arkalaşygyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga işjeň gatnaşjekdygyny belledi.

8. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukato bilen duşuşyk geçirdi. Serdar Berdimuhamedow «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine goşan goşandyny belläp, dowam edýän hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtady. Duşuşygyň çäklerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, ulag infrastrukturasyny ösdürmek we paýtagtdaky ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

9. Gündogar aýdymlarynyň awtory we ýerine ýetirijisi Arsen Şahuns Aşgabatda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýekelikdäki konsert bilen çykyş eder. Aýdymçynyň konserti 27-nji dekabrda sagat 18:00-da Gyşky oýunlar sport toplumynyň sahnasynda bolar. Konsert üçin petekleri sport toplumynyň kassasyndan satyn alyp bolar, petekleriň bahasy 100 — 150 manat bolar.

Dünýäde

10. Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow GDA-da we Merkezi Aziýada iň iri özboluşly dag-lyža dynç alyş merkezini gurmak taslamasynyň başlandygyny habar berdi. Karakolda halkara howa menziliniň açylyş dabarasynda döwlet Baştutany Žyrgalan – Bozuçuk – Akbulak atly täze iri syýahatçylyk taslamasy barada aýtdy. Täze gurlan howa menzilinden bary-ýogy 70 km uzaklykda ýerleşjek bu dynç alyş merkezi her ýylda bir million syýahatçyny kabul edip biler we ýylyň dowamynda işlär.

Sport täzelikleri

11. Lebap welaýatyndan türkmen küştçüleri Maksat Awlýakulyýew we Aýa Baýramowa Bangkokda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen rapid boýunça Aziýa birinjiliginde iki kümüş medal gazandylar. Taýlandyň paýtagtynda geçirilen bäsleşige 31 ýurtdan 555 okuwçy gatnaşdy. Olar alty ýaş toparynda ýeňijilik ugrunda bäsleşdiler.

12. Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň ýarym finalynyň birinji oýnunda «Arkadag» «Nebitçiden» 7:2 hasabynda üstün çykdy. Duşuşyk Balkanabatda geçirildi. Garşydaşlaryň arasyndaky jogap duşuşygynyň 20-nji dekabrda Aşgabatda geçirilmegine garaşylýar. Bu duşuşygyň ýeňijisi «Ahal» – «Altyn Asyr» jübütiniň ýeňijisi bilen finala çykar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň