Oksford uniwersitetiniň alymlary hususy öýli bolmak bilen ömrüň dowamlylygynyň baglydygyny ýüze çykardylar. «Demography» žurnalynda çap edilen ylmy-barlaglaryň netijelerine görä, gozgalmaýan emläkli adamlar öýi kärendesine alýanlardan ortaça 0,36–0,42 ýyl uzak ýaşaýarlar.
Netijeler 1920 we 1940-njy ýyllarda ABŞ-da geçirilen ilat ýazuwlarynyň maglumatlaryny seljermeklige, şeýle-de sosial üpjünçilik ulgamynda aradan çykanlar barada statistika esaslanýar. Hünärmenler öz öýüň bolmagynyň stresiň derejesiniň peselmegine we öz gezeginde saglyga we uzak ýaşlylyga oňyn täsir edýän maliýe toplamaga ýardam edýär.
Adamyň gozgalmaýan emläk edinen ýaşy hem şunda möhüm orna eýedir. Mysal üçin, ir öý edinen erkek kişiler öýi kärendesine alýan deň-duşlaryndan ortaça alty aý uzak ýaşaýarlar.
Ylmy-barlaglaryň jemleri gozgalmaýan emläge eýelik etmek bilen bagly bolan durnuklylygyň we maliýe ynamlylygyň ömrüň hilini hem-de dowamlylygyny ýokarlandyrmakda örän uly ähmiýetlidigini görkezýär.
Bu barada «Darýo.uz» ýazýar.