Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

6-njy dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

08:5306.12.2024
0
15768

Türkmenistan Özbegistana iberilýän tebigy gazyň möçberini artdyrar, Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystanyň döwlet Baştutanyny doglan güni bilen gutlady, Wenada Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň mejlisi geçirildi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda Özbegistana iberilýän tebigy gazyň möçberini artdyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri we Özbegistanyň döwlet Baştutany gaz ulgamyndaky bilelikdäki işiň ýokary netijeliligini we uzakmöhletleýin häsiýetini bellediler hem-de türkmen tebigy gazynyň Özbegistana iberilýän möçberini artyrmak barada ylalaşdylar. Şeýle hem ýakyn wagtda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän bu ugurdaky bilelikdäki taslamalaryň uly mümkinçilikleri nygtaldy.

2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we hoşniýetli arzuwlaryny iberdi. «Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Gyrgyzystan döwlet gurluşyny berkitmekde, halkara giňişlikdäki abraýyny artdyrmakda we halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda uly üstünlikleri gazandy» diýlip, hatda nygtalýar.

3. Wenada Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä türkmen we awstriýa kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdy. Jemgyýetiň prezidenti Neda Berger 2024-nji ýylyň wakalaryna syn berdi. Duşuşykda täze ýolbaşçylar saýlandy: Kristian Eder Baş sekretar, Batyr Taganow bolsa jemgyýetiň wise-prezidenti wezipesine bellendi. Duşuşyk opera aýdymçysy Konstantin Rittel-Kobylýanskiniň çykyşy bilen tamamlandy, ol soňky döwürde Türkmenistanda eden çykyşlary bilen baglanyşykly täsirlerini paýlaşdy we bu ýurduň özünde ýakymly täsirleri galdyrandygyny aýtdy.

4. Brýusselde Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi Bilelikdäki komitetiniň 23-nji mejlisi geçirildi. Oňa iki tarapdan hem ýokary wezipeli wekiller gatnaşdylar. Duşuşyk söwda hyzmatdaşlygy, energetika, daşky gurşawy goramak we ynsanperwer alyşmalar ýaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meselelerine bagyşlandy. Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagyny goldamak, makroykdysady ýagdaý, ulag arabaglanyşygy we sanlylaşdyrma meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

5. Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň serhedinde ýerleşýän «Farap awtoýollary» gümrük nokady durky düýpli täzelenip ulanmaga berildi. Durkuny täzelemek işleriniň netijesinde, gümrük nokadynyň umumy meýdany 5,2 gektardan 10 gektara çenli giňeldildi. Täze gözegçilik bassyrmalary birwagtyň özünde 16 sany awtoulag serişdelerine gümrük barlagyny geçirmäge mümkinçilik berýär. Umumy geçiriş kuwwaty her ugurda iki esse, ýagny 500 awtoulaga çenli artdyryldy, bu bolsa her günde 1000 awtoulag geçirmeklige mümkinçilik berýär.

6. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» atly iki günlük halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Utgaşykly görnüşde geçirilýän foruma Türkmenistanyň, şeýle-de daşary ýurtlaryň 30-dan gowragyndan dil bilimi hem-de daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça iş alyp barýan professor-mugallymlar, bilermenlerdir hünärmenler, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Plenar mejlisiň dowamynda daşary ýurt dillerini okatmagyň ileri tutulýan ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň, döwrebap usullary ulanmagyň, talyp alyş-çalyş maksatnamalaryny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Dünýäde

7. Bristol uniwersitetiniň alymlary radioaktiw izotop uglerod-14 esasynda dünýäde ilkinji göwher batareýasyny tanyşdyrdylar. Şöhlelenmäni doly siňdirýän göwheriň özboluşly gurluşy netijesinde, enjam düýbünden howpsuzdyr. Enjamyň takmynan hyzmat möhleti 5700 ýyl. Göwher batareýalary kardiostimulýatorlar, kosmos enjamlary we barmasy kyn ýerlerde işledilýän datçikler ýaly yzygiderli awtonom işi talap edýän enjamlary energiýa bilen üpjün etmek üçin iň amatly çözgüt bolup biler.

8. Bitkoin 100 000 dollarlyk görkezijiden geçip, täze taryhy rekord goýdy. Bitkoiniň öňki rekord bahasy birnäçe hepde öň, haçan-da ol 97 000 dollara ýetende hasaba alyndy. Bilermenler bu çalt ösüşi Donald Trampyň ABŞ-nyň Prezidentiniň saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy we maýadarlaryň kriptowalýutalara gyzyklanmasynyň artmagy ýaly birnäçe şertler bilen baglanyşdyrýarlar. Bitkoin eýýäm diňe sanly walýuta bolmagyny bes etdi. Häzirki wagtda ol maýa goýumlary, tölegler we hatda gymmatlyk hökmünde ulanyp boljak doly hukukly pul serişdesidir.

Sport habarlary

9. Manamada geçirilen Halkara Agyr atletika federasiýasynyň kongresinde agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň 2027-nji ýylda Ýerewanda, 2025-nji ýylda Norwegiýanyň Ford şäherinde, 2026-njy ýylda bolsa Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljekdigi yglan edildi. Şeýle hem maliýeleşdirmegiň 2025-nji ýyldan başlap, 850 müň dollara çenli ýokarlanjakdygy, onuň ähli milli federasiýalaryň arasynda paýlanjakdygy mälim edildi.

10. Saud Arabystanynyň «Al-Hilal» topary we Madridiň «Realy» 2025-nji ýylda geçiriljek klublaryň arasynda futbol boýunça dünýä çempionatynda «H» toparçada oýnarlar. Toparçalaýyn tapgyryň bije çekişligi penşenbe güni Maýamide (ABŞ) geçirildi. Täzelenen klublaryň arasyndaky dünýä çempionaty ABŞ-da 2025-nji ýylyň 15-nji iýunyndan 13-nji iýuly aralygynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň