Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň «Galkynyş» gaz käninden täze gaz akymy alyndy

21:2423.11.2024
0
29059

«Galkynyş» gaz käniniň 265 belgili ulanyş guýusynda birnäçe çuňluklardan tebigy gazyň täze akymy alnyp başlandy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, geçirilen buraw işleriniň netijesinde, «Galkynyş» gaz käninden bir gije-gündiziň dowamynda 2 million kub metr mawy ýangyjy bermäge ukyby bolan täze gaz akymynyň alynmagy guwandyryjy ýagdaýdyr. Onuň önümçilik mukdarynyň yzygiderli ýokarlanjakdygy gürrüňsizdir.

Senagat ähmiýetli täze gaz akymy 265 belgili gaz guýusynda buraw işleriniň 4485 metr çuňlukda üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen, ýerasty 4417 — 4281 metr we 4266 — 4226 metr aralyklardaky gatlaklardan alyndy. Bu işleriň milli hünärmenleriň tagallalary bilen ýerine ýetirilendigini, oňa ýaş gazçylaryň hem uly goşant goşandygyny bellemek gerek. Gaz guýularyny burawlamakda, olary gurluşygy bilen doly tamamlap ulanyşa girizmekde häzirki zamanyň sanly tehnologiýalary işjeň peýdalanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň