Top.Mail.Ru

Täze okuw gollanmalary neşir edildi

11:1520.11.2024
0
17013

Türkmenistanda umumy orta bilim berýän mekdepleriň XI synpy üçin «Iňlis dili (II daşary ýurt dili)» okuw kitaby (awtorlary: N.Öwezowa, R.Soýunowa, M.Allaberdiýewa) neşir edildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Çeşmede bellenilişine görä, bu okuw kitaby okatmagyň we terbiýelemegiň esasy didaktiki ýörelgelerine esaslanylyp, daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap usullaryndan hem-de öňdebaryjy tejribelerden netijeli peýdalanylyp taýýarlanylypdyr. Täze okuw gollanmasy bu dersiň tassyklanylan okuw maksatnamasyna laýyklykda okuwçylaryň iňlis dilinde okamak, ýazmak, erkin gürlemek ýaly endiklerini has-da ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri döreder.

Mundan başga-da, okuw gollanmalarynyň ýene biri — «Türkçe-türkmençe sözlük» (J.Gökleňow, A.Erjilasun – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) çapdan çykdy. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan talyplar üçin okuw gollanmasy hökmünde hödürlenen bu sözlüge häzirki zaman türk edebi dilinde işjeň ulanylýan 20 müňe ýakyn söz, söz düzümleri girizilipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň