Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Amerikanyň Birleşen ştatlarynyň «Open World» maksatnamasynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 30-njy oktýabry — 9-njy noýabry aralygynda bu ýurduň Kolorado ştatynyň Denwer şäherinde «Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak» atly tanyşlyk okuw saparynda boldy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, saparyň dowamynda metanyň bölünip çykýan ýerlerinde howalandyryjy, şeýle hem zyňyndy metany ölçeýji we bir ýere jemleýji, innowasion energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy bilen tanyşdyryldy.
Şeýle hem Kolorado ştatynda hereket edýän kanunçylyk barada sorag-jogap alyşmak arkaly duşuşyk geçirildi diýlip, habarda bellenilýär.