Daşoguz «Miwe» oba hojalyk senagat birleşiginiň ammarynda şu günler gyzgalaňly işler alnyp barylýar. Şu güne çenli 4 müň 781,5 tonna ýeralma, 11, 2 tonna sogan, 140,4 tonna, bakja önümleri, 36,8 tonna käşir kabul edilip, ammarlara ýerleşdirildi. Bu barada «Bereketli toprak» gazetinde habar berilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda käşir, sogan, kelem ýaly önümleri kabul etmek we ýerlemek işleri dowam edýär.
«Miwe» oba hojalyk senagat birleşiginiň gök-bakja, miwe önümlerini kabul etmek we saklamak üçin gurlup ulanylmaga berlen ammarynyň göwrümi 3 müň tonna barabardyr. Onda gök we bakja, miwe önümleriniň ýylyň dowamynda ilata terligine ýetirilmegi üçin ähli şertler we mümkinçilikler bar.
Bu ýerde daýhan hojalyklary, kärendeçiler bilen ýylyň başynda şertnama baglaşylyp, olardan dürli gök-bakja önümleri we miweler satyn alnyp, ammarda ýerleşdirilýär.
Häzirki döwrüň ösen kämil enjamlary bilen üpjün edilen bu ammarda önümi kabul etmek, saklamak we bellenilen ýerlere ugratmak üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir.
Kärhanada 10-a golaý ýük awtoulagy önümleri getirmäge we niýetlenilen ýere eltip bermäge hyzmat edýär diýlip, habarda bellenilýär.