Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

18-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

14:3718.11.2024
0
17149

Türkmenistan 2025-nji ýylda ykdysadyýete 40 milliard manatdan gowrak maýa goýmagy meýilleşdirýär, Aşgabatda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi, Türkmenabatda ikinji türkmen-özbek sebitara forumy geçiriler we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ykdysadyýetiň ugurlaryna jemi 40 milliard manatdan gowrak düýpli maýa goýumlary gönükdirmek, şeýle hem ilata tölenýän durmuş tölegleriniň möçberini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Resminama Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çekmeginden soňra Mejlisiň garamagyna iberildi. Hökümet mejlisinde wise-premýer Hojamyrat Geldimyradowyň habar berşi ýaly, Döwlet býujetiniň taslamasy «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» esasynda işlenip taýýarlanyldy.

2. Şenbe güni Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini sylaglamak dabarasy boldy. Eminler topary 506 dalaşgäriň arasyndan 135 ýeňijini saýlady, olaryň hatarynda ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplar, mekdep okuwçylary, sungat işgärleri we dürli pudaklardan ýaş hünärmenler bar. Dabaraly çäre Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen gününiň 33 ýyllygyna bagyşlandy. Ýeňijilere ýadygärlik sowgatlar, şol sanda şahyryň we akyldaryň 300 ýyllygy mynasybetli neşir edilen «Magtymguly» kitaby, Şahadatnamalar we gül çemenleri gowşuryldy.

3. 20-21-nji noýabrda Türkmenabat şäherinde Ikinji türkmen-özbek sebitara forumy hem-de özbek harytlarynyň milli sergisi geçiriler. Olaryň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek, resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar. Forumyň maksatnamasynda 20-nji noýabrda açylyş dabarasy, şeýle hem şol gün Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda iki dostlukly ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konsertiniň guralmagy göz öňünde tutulýar. Forumyň ikinji güni, 21-nji noýabrda bolsa söwda we syýahatçylyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meseleler boýunça maslahatlar geçiriler.

4. 26-27-nji noýabrda Aşgabatda «Halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş» (ITTC-2024) atly III Halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Bu çäre Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan gurnalýan bu giň möçberli çäre dünýäniň 40 ýurdundan 600-den gowrak wekilleri bir ýere jemlär. Gatnaşyjylaryň arasynda demir ýol we logistika kompaniýalarynyň, howa gatnawlarynyň, ulag enjamlaryny öndürijileriň we döwlet düzgünleşdirijileriň wekilleri bolar. Maslahatyň çäklerinde TOPH, Hazarüsti ugur we ýokary tizlikli ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi ýaly sebitiň esasy infrastruktura taslamalary ara alnyp maslahatlaşylar. Şunda ýaşyl tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna we ulag pudagynyň sanly özgerişlerine aýratyn üns berler.

5. Türkmenistan 2025-nji ýylyň 21-24-nji fewralynda Pekin şäherinde geçiriljek Täze energetiki ulag serişdereleriniň halkara sergisine gatnaşmaga çagyryldy. Çäre täze energetiki ulag serişdereleriniň sergisini, üpjünçilik zynjyry boýunça maslahatyny we halkara forumyny öz içine alýar.

6. Aşgabatda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ-a) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň Hemişlik geňeşiniň 41-nji mejlisi geçirildi. Ol gadymy türkmen şäheri Änewiň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleriň biri boldy. Duşuşyga gatnaşyjylar şu ýyl Türkmenistanda geçirilen çärelere ýokary baha berdiler. Geňeşiň agzalary türki dilli halklaryň medeni mirasyny gorap saklamak we wagyz etmek boýunça bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmegi ara alyp maslahatlaşdylar hem-de bu barada karar kabul etdiler, şeýle hem 2025-nji ýyl üçin TÜRKSOÝ-yň Işiniň maksatnamasyny tassykladylar. Duşuşygyň netijeleri boýunça Jemleýji jarnama gol çekildi.

7. 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Raşid Meredowyň başlyklyk etmeginde geçirilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça klublary hakynda Düzgünnama» gözden geçirildi we tassyklanyldy.

Dünýäde

8. «Älem gözeli 2024» halkara gözellik bäsleşiginde Daniýa wekilçilik edýän Wiktoriýa Kýer Teýlwig ýeňiş gazandy. Bäsleşigiň taryhynda ilkinji gezek Skandinawiýa ýurdundan gatnaşyjy bu ada mynasyp boldy. 21 ýaşly Teýlwig bütin dünýäden 120-den gowrak bäsdeşinden öňe saýlandy. Geçen ýylky ýeňiji nikaragualy Şeýnnis Palasiosdan täjiň gowşurylmagy agşamyň jemleýji wakasy boldy.

9. «Titanik» gämisiniň ýolagçylaryny halas edijä sowgat berlen özboluşly altyn jübi sagady auksionda görlüp-eşidilmedik bahalara ýetdi we meşhur gämi bilen baglanyşykly iň gymmat artefakt boldy. 18 karat altyndan ýasalan gymmat bahaly «Tiffany & Co.» hronometri 1912-nji ýyldaky betbagtçylykdan soň «RMS Carpathia» (Karpatiýa) gämisi tarapyndan halas edilen üç baý zenan ýolagçynyň minnetdarlyk nyşany hökmünde kapitan Artur Rostrona sowgat berildi. «Genri Oldrij we ogly» auksion öýi bir amerikan kolleksioneriniň bu gymmatlygy ähli degişli tölegleri hasaba alanyňda, 2 million dollara satyn alandygyny tassyklady.

Sport täzelikleri

10. Tennisçiler Ilima Guseýnowa we Aýlara Kakabaýewa tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşynyň gyzlaryň arasyndaky 14 ýaşdan kiçi bolan jübüt görnüşindäki oýunlarda ýeňiji boldular. Jemleýji duşuşykda türkmen türgenleri öz watandaşlary Aýnur Annamyradowa bilen Näzli Hudaýgulyýewany 6:4, 6:1 hasabynda ýeňdiler. Çempionlyk ýolunda Güseýnowa bilen Kakabaýewa çärýek finalda we ýarym finalda garşydaşlaryna hiç hili mümkinçilik galdyrmadylar. Olar eýranly jübütler Mahra Parniýan/Şaýla Sawah, şeýle hem türkmen tennisçileri Aýnur Agamyradowa/Jennet Orazalyýewa bilen geçirilen duşuşyklarda 6:0, 6:0 hasabynda bassyr iki ýeňiş gazanmagy başardylar. «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşy Ýewropanyň we Aziýanyň 12 ýurdundan gelen 14 ýaşa çenli tennisçileri bir ýere jemledi. Ýaryşlar Türkmenistanyň paýtagtyndaky Olimpiýa şäherjiginiň Tennis toplumynda geçirildi.

11. Oglanlaryň arasynda geçirilen jübütleýin ýaryşda Nazar Amangeldiýewden we Kerimgeldi Welibegowden ybarat jübüt watandaşlary Ýunus Annamyradowdan we Ali Geldiýewden üstün çykyp, ýeňiji boldy. Şeýlelikde, türkmen tennisçileri öz ýurtlarynda geçirilen ýaryşyň jübütleýin tapgyrynda hormat münberiniň ähli basgançaklaryny eýelediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň