Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň Prezidentine Hasyl toýy mynasybetli Keremli atly ahalteke bedewi sowgat berildi

10:0711.11.2024
0
14137

10-njy noýabrda Garagum derýasynyň Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän böleginiň kenary Hasyl toýy mynasybetli esasy baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu barada TDH ýazýar. Bellenilişi ýaly, Garagum derýasynyň kenarynda gurnalan ýörite meýdançada ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Açyk asmanyň astynda oba hojalygynda we gaýtadan işleýän senagatda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrýan sergi guraldy. Onda ahalteke bedewlerini, türkmen alabaýlaryny, gözel tebigaty wasp edýän amaly-haşam sungatynyň eserleri, milli şaý-sepler görkezildi.

Çäräniň barşynda Hasyl toýy mynasybetli, oba hojalyk toplumynyň işgärleriniň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine 2021-nji ýylda doglan, Keremli atly mele reňkli ajaýyp ahalteke bedewini sowgat bermek dabarasy boldy.

Dabara gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň