Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda jemgyýetde ynsanperwerlik we agzybirlik terbiýesini bermek boýunça okuwlar geçirilýär

15:1007.11.2024
0
18095

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda bu ýokary okuw mekdebiniň 1-nji we 2-nji ýyl diňleýjileri, döwlet edaralarynyň işgärleri, şeýle-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň agzalary üçin «Täze eýýamyň Galkynyşy döwri - sazlaşyk, agzybirlik we adamyň mertebesiniň belentligi» atly okuw-seminar geçirildi.

Okuw-seminarda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň dürli bölümleriniň wekilleri - Kümüş Tulekowa, Jemile Gawrilowa, Maýsa Ataýewa, Jennet Gulmyradowa, Selbi Ýagşymyradowa we Anastasiýa Belýaýewa bu ynsanperwerlik guramasynyň alyp barýan işleri bilen jikme-jik tanyşdyrdylar. Olaryň çykyşlary gatnaşyjylarda giň gyzyklanma döretdi, çünki halkymyzyň milli däplerine esaslanmak bilen, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň ynsanperwerlik gymmatlyklaryny durmuşa geçirmeklige gönükdirilen işlerine ýokary baha berilýär.

Netijede Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň agzasy bolmaga ýa-da onuň goldaw beriji toparlaryna goşulmaga isleg bildirenleriň sany ep-esli artdy. Bu bolsa diňleýjilere bildirilýän biziň halkymyza mahsus bolan adamkärçilik, mähribanlyk, dostluk we wepaly bolmak ýaly häsiýetleri öz içine alýan esasy talaplar bilen baglydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň