Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigeru Isibadan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat geldi.
«Watan» habarlar gepleşiginde beýan edilişi ýaly, Sigeru Isiba iberen hatynda Premýer-ministr wezipesine bellenilmegi mynasybetli iberen gutlagy we hoşniýetli sözleri üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirýär.
— Türkmenistan kanunylyga esaslanýan erkin we açyk halkara gatnaşyklaryny berkarar etmekde Ýaponiýanyň möhüm strategik hyzmatdaşy bolup durýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ulgamlarda, şol sanda ykdysady, ylmy-tehniki we medeni ulgamlarda yzygiderli ösdürilýändigi guwandyryjydyr. Şeýle hem men Siziň Alyhezretiňiziň «EKSPO — 2025 Osaka» Bütindünýä sergisi mynasybetli geljek ýylda saparyňyza we Siziň bilen duşuşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.
Şu ýylyň awgust aýynda geçirilmegi meýilleşdirilen sammit garaşylmadyk ýagdaýlar sebäpli yza süýşürildi. Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky oňyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, şu ýyl 20 ýyllygy bellenilýän «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde Siziň Alyhezretiňiz bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýärin — diýip, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentine ýollan hatynda belleýär.