Ýaponiýanyň öňki goranmak ministri 67 ýaşly Sigeru Isiba Ýaponiýanyň dolandyryjy Liberal-demokratik partiýasynyň başlyklygyna saýlandy hem-de 1-nji oktýabrdan ýurduň täze Hökümet başlygy bolar. Bu barada TASS habarlar gullugy ýazýar.
Isiba partiýadaşlarynyň arasynda geçirilen ses berlişikde sesleriň 415-siniň 215-sini aldy. Onuň bilen bilelikde, ikinji tapgyra çykan ykdysady howpsuzlyk ministri 63 ýaşly Sanae Takaiti sesleriň 415-sinden 194 sanysyny aldy.
LDP-niň täze ýolbaşçysy öň dürli ýyllarda goranmak ministri, oba hojalyk ministri we partiýanyň baş sekretary boldy. Ol bu gezekki bäşinji synagynda partiýanyň liderligine saýlanmagy başardy diýip, «Interfax.ru» habar berýär.
Öň Ýaponiýanyň Premýer-ministri we Liberal-demokratlar partiýasynyň başlygy Fumio Kisida sentýabrda öz partiýasynyň ýolbaşçylygyna geçjek saýlawlara gatnaşmakçy däldigini yglan edipdi.