Top.Mail.Ru

Türkmen alymlary ýandagyň ekstraktyny almagyň innowasion usulyny işläp taýýarladylar

20:5725.10.2024
0
40512

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologik parkynyň Biotehnologiýa bölüminiň hünärmenleri ýandakdan mikrokapsulirleme usuly bilen ekstrakt almak tehnologiýasyny patentlediler.Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Ýandak (Alhagi persarum) – köp sanly bejeriş häsiýetlerine eýe bolan dermanlyk ösümlikdir. Onuň düzüminde flawonoidler, saponinler, şekerler, aşgarlaýjy maddalar, C, K we B toparlaryna degişli witaminler, karotin, ursol turşulygy, efir ýagy, smolalar bar. Ösümlik dümew keselleri, gripp, angina, bronhit ýaly keselleri bejermekde netijeli ulanylýar.

Ýandakdan ekstrakt almaklyk ösümligi owradyp hem-de ýörite garyndyny ulanyp, peýdaly maddalary çykaryp almak arkaly amala aşyrylýar. Mikrokapsulirleme işjeň maddalaryň fiziki-himiki we tehnologik häsiýetlerini saklamak bilen, işjeň düzüm böleklerini mikroskopik kapsulalara ýerleşdirmäge mümkinçilik berýän tehnologiýa hökmünde çykyş edýär.

Alnan ekstrakt ösümlik çig malyna esaslanýan derman serişdelerini döretmek üçin, şeýle hem azyk senagatynda giňden ulanylyp bilner.

Neşirde bellenilişi ýaly, bu usuly işläp taýýarlamagyň esasy aýratynlygy —özüne düşýän bahasynyň pesligi bilen birlikde, onda ýokary bejeriş-öňüni alyş häsiýetleriniň jemlenmegidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň