Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň demirgazyk sebitinde täze dokma toplumy gurlar

11:0419.10.2024
0
2323

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi tarapyndan Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda nah ýüplük, nah we tüýjümek matalary, taýýar tikin önümlerini öndürýän dokma toplumyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu täze toplumyň gurulmagy importyň ornuny tutýan ýokary hilli, ekologik taýdan arassa dokma önümlerini öndürmäge, olary eksport etmäge, täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer. TDH-nyň habar berşi ýaly, bu barada 18-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Atdaýewiň ýurduň dokma senagaty pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ýerine ýetirilýän işler baradaky hasabatynda aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna täze toplumyň gurluşygyny amala aşyrmak boýunça teklip hödürlenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dokma senagatyny ösdürmek maksady bilen, ýurtda döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan kärhanalaryň yzygiderli işe girizilýändigini, olarda öndürilýän ýokary hilli dokma önümleriniň içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýandygyny belledi.

Döwlet Baştutany Dokma senagaty ministrligi tarapyndan Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda dokma toplumyny gurmak baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň