Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Türkiýe bilelikdäki bilim taslamalaryny meýilleşdirýär

11:3718.10.2024
0
19860

17-nji oktýabrda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde türk wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda iki ýurduň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistandan duşuşyga bilim ministri, ýokary we orta hünär okuw mekdepleri boýunça ministriň orunbasary, şeýle-de ministrligiň Halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, türk wekiliýetine Ankara jemgyýetçilik bilimleri uniwersitetiniň rektory we Türkiýe ýazyjylar birleşiginiň prezidenti Musa Kazym Arınjan ýolbaşçylyk etdi. Wekiliýetiň düzüminde, şeýle hem, Türkiýe ýazyjylar birleşiginiň başlygynyň orunbasary we Yıldırım Beýazyt uniwersitetiniň Ykdysadyýet we jemgyýetçilik ylymlary fakultetiniň direktory Muhammet Enes Kala, Ankara jemgyýetçilik bilimleri uniwersitetiniň prorektory Serdar Çalymly bardy.

Türkmen tarapy ynsanperwer ugurlary öz içine alýan alty sany esasy ugry teklip etdi. Professor Arınjan ASBU-nyň 2025-nji ýyl üçin meýilleşdirilen medeni we bilim çärelerini guramakda ähli taraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda, Türkmenistanyň bilim ministri, degişli türkmen ýokary okuw mekdeplerinde türk professorlarynyň leksiýalaryny guramagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi şeýle-de, tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň jemgyýetçilik proseslerine täsirini öwrenýän sosiologik parklaryň döredilmegi boýunça hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny teklip edildi. Şol bir wagtyň özünde, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan yglan edilen “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli çäreleri hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralary geçirmek bilen bagly çäreleri bilelikde guramagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda hödürlenen taslamalary giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak we durmuşa geçirmek üçin iş toparlaryny döretmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň