Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýewraziýa patent guramasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär

10:4818.10.2024
0
12872
Ýewraziýa patent guramasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär
Surat: mfa.gov.tm

16-njy oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewraziýa patent guramasynyň (ÝPG) Ýewraziýa patent edarasynyň Prezidenti Grigoriý Iwliýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda M.Bäşimowa 16-njy oktýabrdan 17-nji oktýabr aralygynda geçiriljek Senagat nusgalaryny goramak boýunça sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşandygy we sapar bilen gelendigi üçin G.Iwliýewe minnetdarlyk bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ÝPG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ösdürmegiň geljegi, şol sanda bilelikdäki çäreleri geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň ÝPG-niň işjeň gatnaşyjylarynyň biri bolup durýandygy we bu guramanyň esasy resminamasyna – Ýewraziýa Patent Konwensiýasiýasyna goşulan ilkinji döwletdigi nygtaldy.

Türkmen tarapy döwletiň hususy eýeçiliginiň obýektlerini goramak boýunça kanunçylyk binýady kämilleşdirmegi we onuň halkara kanunçylygyna laýyk gelmegini maksat edinýän Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň işjeň durmuşa geçirilişi bilen bir hatarda, bu ugurda ýurduň milli derejedäki esasy amala aşyrýan işlerini beýan etdi.

Taraplar ÝPG bilen iş ýüzündäki hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, şol sanda milli işgärleriň hünär derejesini, şeýle-de intellektual eýeçiligi goramak bilen bagly hukuk meseleleri boýunça gatnaşyklary ýokarlandyrmagyň mümkinçiliklerine seretdiler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara peýdaly hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň