Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Russiýanyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi

09:3818.10.2024
0
3951

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 17-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, bu döredijilik çäresi iki döwletiň taryhy we ruhy gymmatlyklary umumy bolan halklarynyň dostlugyny berkitmegi, köptaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýändiginiň güwäsine öwrüldi.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçylary üçin Moskwanyň Döwlet akademiki filarmoniýasynyň aýdymçysy, pianinoçy, P.I.Çaýkowskiý adyndaky XV halkara bäsleşigiň ýeňijisi Dmitriý Masleýew ussatlyk sapagyny geçdi. Mukamlar köşgünde bolsa “Pýotr Iliç Çaýkowskiniň ýubileýine tarap” atly nusgawy saz konserti geçirildi. Dmitriý Masleýewiň ýerine ýetirmeginde P.I.Çaýkowskiniň we S.W.Rahmaninowyň eserleri ýaňlandy. Şeýle hem bu ýerde “Nalmes” halk tanslary döwlet akademiki ansamblynyň solistleri Türkmenistanyň tans toparlary üçin ussatlyk sapagyny geçdiler. Myhmanlar halk sahna horeografiýasynyň aýratynlyklary, gadymy adygeý tanslarynyň usulyýeti, gyzykly mowzuklar bilen baýlaşdyrylan tans-spektakllary barada gürrüň berdiler.

Russiýanyň Milli saz muzeýi tarapyndan Çaýkowskiniň döredijiligine bagyşlanan “Çaýkowskiniň planetasy” atly sergi guraldy. Sergi muzeýiň gaznasyndaky taryhy resminamalar, şahsy zatlar, fotosuratlar we nota partituralary esasynda guralyp, ol rus medeniýeti hakynda has giňişleýin maglumat almaga ýardam etdi.

Döredijilik çäresine gatnaşyjylar Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini jemläp, onuň parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakdaky, medeniýetleriň baýlaşmagyndaky, doganlyk halklaryň özara düşünişmegini berkitmekdäki ähmiýetini bellediler. Myhmanlar türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik, şeýle hem Türkmenistan bilen has içgin tanyşmaga, onuň halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny öwrenmäge döredilen mümkinçilik üçin türkmen tarapyna hoşallyklaryny beýan etdiler diýip, çeşme ýazýar.

Russiýaly myhmanlar Aşgabatdaky muzeýler, medeni merkezler we köp sanly ýadygärlikler bilen hem tanyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň