Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistanyň nebiti we gazy ─ 2024» atly halkara maslahaty we sergisi geçiriler

10:4917.10.2024
0
6086

23 — 25-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy ─ 2024» atly halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Häzirki wagtda bu giň möçberli halkara çäresini guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, halkara sergide nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, geologiýa, geofizika we seýsmiki barlaglar, nebiti we gazy çykarmak, daşamak, gaýtadan işlemek, nebitgaz desgalaryny guramak babatda öňdebaryjy taslamalar, ulaglar we enjamlar, nebiti we gazy çykarmakda we gaýtadan işlemekde, himiýa senagatynda işleri awtomatlaşdyrmak, gözegçilik etmek, ölçemek boýunça sergi diwarlyklary gurnalar.

Forumyň deslapky meýilnamasyna laýyklykda, «Türkmenistanyň nebiti we gazy ─ 2024» atly halkara sergisiniň resmi açylyş dabarasynyň 23-nji oktýabrda sagat 10:00-da başlamagy we 25-nji oktýabrda sagat 12:00-da tamamlanmagy meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň