Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-koreý parlamentara hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerine seredildi

10:5617.10.2024
0
7510
Türkmen-koreý parlamentara hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerine seredildi
Surat: korea.tmembassy.gov.tm

16-njy oktýabrda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň wekili U Won Şik bilen Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Durdyýewiň duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda jenap U Won Şik özüniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň dowamynda oňa görkezilen gyzgyn myhmansöýerlik hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň ýokary derejede geçirilendigi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Ol bu saparyň dowamynda parlamentara gatnaşyklary hem-de ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibindäki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin gowy mümkinçiligiň bolandygyny, bu ugurda türkmen tarapy bilen işlemäge taýýardygy barada nygtady.

Ilçi B.Durdyýew öz gezeginde Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň wekiline minnetdarlyk bildirip, bu saparyň türkmen-koreý gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem berkemegine ýardam etjekdigi barada belläp geçdi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn parlamentara hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklarynda uly orun eýeleýändigini nygtamak bilen, onuň esasy hereketlendirijisi hökmünde parlamentara dostluk toparlaryň çykyş edýändigine aýratyn üns çekildi.

Galyberse-de taraplar indiki ýylda Koreýa Respublikasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän möhüm waka, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň Koreýa Respublikasyna saparynyň üstünlikli guralmagy barada pikir alyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň