Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Russiýanyň Medeniýet günleri geçirilýär

23:5716.10.2024
0
11159

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Mukamlar köşgüniň eýwanynda W.D.Polenow adyndaky Russiýanyň Döwlet halk döredijilik öýüniň guramagynda fotosuratçylaryň işleriniň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi hem ýaýbaňlandyryldy.

Açylyş dabarasyna medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, dostlukly halkyň sungatynyň köp sanly muşdaklary gatnaşdylar. Bu ýerde Russiýa Federasiýasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti guraldy.

Medeniýet günlerinde Adygeýiň «Nalmes» halk tanslary döwlet akademiki ansambly Russiýa wekilçilik eder. Toparyň düzüminde çylşyrymly horeografiýa çykyşlary ýokary derejede ýerine ýetirmäge ukyply ýokary hünär derejeli tansçylar bar. Ansamblyň çykyşy «Islameý» diýlip atlandyrylýan gadymy tans bilen başlanýar. Bu tans guşlaryň uçuşyny ýada salýar. Çykyşlaryň maksatnamasyna hanjarly tans, adygeý halk tanslary, «Nalmes tans edýär» atly horeografiýa çykyşy hem girizildi.

«Nalmes Nalkut» atly horeografiýa nowellada kawkaz halklarynyň milli tans hereketleri bilen garyşan nusgawy tans hereketleri ýerine ýetirildi. Konsert gadymy halk saz gurallarynda ýerine ýetirilen popuri çykyşy bilen dowam etdi. Tomaşaçylar myhmanlary şowhunly el çarpyşmalar bilen goldadylar.

Medeniýet günleriniň çäklerinde rus wekiliýetiniň agzalary Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýdular hem-de Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördüler.

Şeýle hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda P.I.Çaýkowskiý adyndaky XV halkara bäsleşigiň ýeňijisi, bütinrus we halkara derejede geçirilen köp sanly bäsleşikleriň ýeňijisi, Moskwanyň Döwlet akademiki filarmoniýasynyň aýdymçysy, pianinoçy Dmitriý Masleýew ussatlyk sapagyny geçdi.

Medeniýet günleriniň çäklerinde, 17-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Adygeýiň «Nalmes» halk tanslary döwlet akademiki ansamblynyň aýdymçylary Aşgabadyň sazçylyk mekdeplerinde okaýan talyplar we tans toparlary üçin ussatlyk sapagyny gurar. Agşam bolsa Mukamlar köşgüniň sahnasynda Russiýadan gelen tans toparynyň çykyşlary bolar.

Russiýaly myhmanlar üçin ýörite taýýarlanan medeni maksatnama boýunça Aşgabadyň gözel ýerlerine gezelençler guralar we olar muzeýlere-de baryp görerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň