Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Astrahanda Magtymgulynyň ýubileýine we Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan maslahat geçirildi

16:0516.10.2024
0
7682

15-nji oktýabrda W.N.Tatişýew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanan «tegelek stol» geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygy (Astrahan ş.) habar berdi.

Çärä Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) Konsuly, Astrahan oblastynyň daşary aragatnaşyklar ministriniň orunbasary, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Astrahan oblasty boýunça wekilhanasynyň ýolbaşçysy hem-de uniwersitetiň professor mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Şeýle-de agzalýan tegelek stola wideoaragatnaşyk arkaly türkmen tarapdan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary gatnaşdylar we çykyş etdiler.

Çykyş edenler türkmen-rus gatnaşyklarynyň ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça gazanylýan üstünlikler barada bellediler. Çäräniň dowamynda uniwersitetiň talyplary Magtymguly Pyragynyň goşgularyny çeper okaýyşlarda we sazlar bilen ýerine ýetirdiler.

Tegelek stolyň çäklerinde G.Ilamanow W.N.Tatişýew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde bilim alýan Türkmenistanyň raýatlary bolan 1-nji ýyl talyplar bilen terbiýeçilik wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda konsul talyplara hormatly Prezidentimiziň ýaşlar barada alyp barýan döwlet syýasaty, olar üçin ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikler barada giňişleýin maglumat berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň