Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji oktýabrda Aşgabatda iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadag goňşy ýurduň Baştutanyny mähirli mübärekläp, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara foruma gatnaşmaga sapar bilen gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Şunda iki goňşy ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarda bolşy ýaly, ynsanperwer ulgamda hem üstünlikli ösdürilýändigi aýdyldy. Beýik akyldar şahyryň edebi mirasynyň türkmen we eýran halklarynyň arasyndaky gatnaşyklarda möhüm orun eýeleýändigi hem munuň aýdyň güwäsidir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri M.Pezeşkiany Eýranyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy bilen ýene-de bir gezek mähirli gutlady hem-de goňşy ýurduň täze saýlanan Prezidenti hökmünde onuň Türkmenistana ilkinji sapary amala aşyrýandygyny belläp, ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Prezident Masud Pezeşkian halkara forumyň ýokary guramaçylyk derejesine ünsi çekip, bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň umumadamzat ähmiýetli goşgularynyň häzirki döwürde-de uly ähmiýetini saklap galýandygyny aýtdy. Ol pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadaga EYR-nyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýiniň mähirli salamyny ýetirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Eýranyň Beýik ruhy liderine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň dowamynda häzirki döwürde işjeň ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenildi.
Sebit we ählumumy gün tertibiniň ençeme meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakyndygy Türkmenistan bilen Eýranyň abraýly halkara guramalaryň çäklerinde-de netijeli hyzmatdaşlyk etmegini şertlendirýär.
Söhbetdeşler özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň geljekki mümkinçilikleri barada hem pikir alyşdylar.