Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Çelekende nebiti gazyp almakda Gazagystanda öndürilen «Satti» ýüzýän buraw desgasy ulanylar

12:3710.10.2024
0
8890
Çelekende nebiti gazyp almakda Gazagystanda öndürilen «Satti» ýüzýän buraw desgasy ulanylar
Surat: report.az

«KazMunaýGazyň» golçur kärhanasy bolan «KMG Drilling and Services» kompaniýasy Türkmenistanda öz şahamçasyny açdy. Bu barada «Report» habar berýär.

«Ýakyn geljekde durmuşa geçiriljek taslamalar bilen baglanyşyklylykda Türkmenistanda işleri çalt we netijeli amala aşyrmaga mümkinçilik döretek üçin «KMG Drilling and Services» kompaniýasynyň Aşgabatda şahamçasy açyldy. Bu waka Gazagystanyň halkara nebit bazarlaryndaky ornuny giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe bolup, Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar» diýlip, kompaniýanyň metbugat beýanatynda bellenilýär.

Mundan başga-da, «KazMunaýGazyň» metbugat gullugy tarapyndan berlen habarda şu ýylyň awgust aýynda «KMG Drilling and Services» bilen «Dragon Oil Turkmenistan Limitediň» arasynda Hazar deňziniň türkmen böleginde buraw işlerini geçirmek barada şertnama baglaşylandygy nygtalýar.

«Bu maksatlar üçin Çeleken uglewodorod ýatagynda geçirilýän buraw işlerinde «Satti» ýüzýän buraw desgasy ulanylar. 2021-nji ýylda geçirilen döwrebaplaşdyryş işlerinden soňra bu desganyň ýük göterijilik kuwwaty 680 tonna çenli artdyryldy. Bu bolsa has uly taslamalar üçin täze mümkinçilikler açýar» diýlip, çeşmede bellenilýär.

Ýeri gelende bellesek, «Satti» dolulygyna Gazagystanda işläp taýýarlanylan ilkinji ýüzýän buraw desgasy bolup, onuň kömegi bilen 6 kilometre çenli çuňlukda buraw işlerini geçirmek mümkin.report.az

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň