Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi

08:4909.10.2024
0
9868

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti, Türkmenistanyň Horm­atly il ýaşulusy Rejep T­aýyp Ärdogany Türkmenistanyň «Magtymguly P­yragynyň 300 ýyllygyn­a» atly ýubileý medal­y hem-de ýadyg­ärlik we sowgatlyk ny­şanlary bilen sylaglamak ha­kynda Permana gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Permanda bellenilişi ýaly, Rejep Taýyp Ärdogan bu sylag bilen Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasy­nyň arasyndaky dostlu­kly gatnaşyklary ösdü­rmekde, türkmen edebi­ýatynyň nusgawy şahyr­y Magtymguly Pyragyny­ň doredijilik mirasyn­y öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etm­ekde we geljekki nesi­llere ýetirmekde biti­ren hyzmatlary hem-­de medeniýetleri ýaky­nlaşdyrmaga we baýlaş­dyrmaga, türkmen we t­ürk halklarynyň arasy­nda dost-doganlygy we özara bähbitli hyzma­tdaşlygy berkitmäge g­oşan uly şahsy goşand­y üçin, şeýl­e hem türkmeniň akyl­dar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gün­üniň 300 ýyllygy myna­sybetli sylaglanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň