Top.Mail.Ru

Aşgabatda Görogly we A. Nyýazow köçeleriniň halkaly çatrygynda abatlaýyş işleri alnyp barylýar

10:0105.10.2024
0
32180

Aşgabat şäheriniň hormatly ýaşaýjylary we myhmanlary!

Paýtagtymyzyň Görogly köçesi bilen A. Niýazow şaýolunyň kesişýän ýerindäki çatrykda ýoly we onuň töwerek daşyny abadanlaşdyrmak boýunça abatlaýyş işleri alnyp barylýar. Şol sebäpli hem häzirki wagtda şu çatrykda ulaglaryň hereket etmegi wagtlaýyn çäklendirilendir.

Alnyp barylýan işler şäheriň infrastrukturasyny gowulandyrmaklyga gönükdirilendir. Abatlaýyş işleri geçirilip, täzelenen çatryk ulaglaryň hereket etmegi üçin birnäçe günüň dowamynda açylar.

Aşgabat şäher häkimligi bu çatrykda abatlaýyş işleriniň geçirilýändigini nazara alyp, awtoulag sürüjilerden barjak ugurlaryny öňünden meýilleşdirmegi soraýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň