Paýtagt şäher Aşgabatda badalga alan baýramçylyk dabaralary tutuş ýurtda dowam edip, türkmenistanlylaryň kalbyny şatlyk hem-de buýsanç duýgulary bilen doldurdy.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 33 ýyllygy mynasybetli dabaralar “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirilen konsert bilen jemlendi. Bu barada TDH ýazýar.
Bellenilişi ýaly, bu ýere ýygnanan köp sanly tomaşaçylaryň öňünde meşhur hem-de ýaş artistler, folklor-tans toparlary çykyş etdiler.
Konsert tamamlanandan soňra, baýramçylyk feýerwerki Aşgabadyň gijeki görnüşlerini bezedi.