Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Germaniýanyň Bitewüliginiň güni bellenildi

15:0704.10.2024
0
5412
Aşgabatda Germaniýanyň Bitewüliginiň güni bellenildi
Surat: newscentralasia.net

3-nji oktýabrda Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Germaniýanyň Bitewüliginiň güni mynasybetli resmi kabul edişlik gurady. Oňa Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, türkmen bazarynda iş alyp barýan german kompaniýalarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň, Türkmenistanyň DIM-iniň wekilleri, işewürler, diplomatlar we žurnalistler gatnaşdylar. Şeýle-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew çäräniň hormatly myhmany boldy.

Resmi kabul edişlikde Germaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns giriş sözi bilen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada durup geçip, üstünlikli ösdürilýän söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn gepleşikleriň ýokary derejesini alamatlandyrýandygyny kanagatlanma bilen nygtady. Hususan-da, muňa mysal hökmünde «CLAAS», «Siemens» we beýleki german kompaniýalarynyň Türkmenistanda üstünlikli iş alyp barýandyklary, häzirki wagtda her ýyl 150 töweregi lukmanyň Germaniýada hünärlerini kämilleşdirmekleri üiçn mümkinçilikleriň döredilýändigi, golaýda geçirilen «Merkezi Aziýa — «Germaniýa» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň netijeli häsiýete eýe bolandygy we 2025-nji ýylda şol formatdaky dialogyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredowyň hem gatnaşjakdygy bellenildi.

Ýeri gelende bellesek, Germaniýanyň Bitewüliginiň güni 1990-njy ýyldan bäri her ýyl bellenilip gelinýär. Bu baýramçylygyň bellenilmeginiň sebäbi 1990-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda Germaniýa Demokratik Respublikasy bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň birleşmegi bilen bitewi Germaniýanyň döredilmegidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň