Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

10:4628.09.2024
0
6109

Türkmenistanda ýurduň baş baýramy — Garaşsyzlyk güni uludan toýlandy. Baýramçylyk çäreleri Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy. Oňa Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, ir bilen Garaşsyzlyk seýilgähinde paýtagtyň ýaşaýjylarydyr myhmanlary ýygnandylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulagy dabaranyň geçirilýän ýerine geldi. Hemmeler döwlet Baştutanyny uly ruhubelentlik bilen mübäreklediler. Ýadygärlik toplumynyň ýanynda Hormat garawuly nyzama düzüldi.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin, bagtyýar durmuşy peşgeş beren Garaşsyzlygyň nyşany bolan ýadygärlik toplumynyň öňünde gül dessesini goýdy.

Döwlet Baştutanynyň göreldesine eýerip, soňra Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, talyplar, paýtagtyň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary gül desselerini goýdular.

Dabaraly çäre tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan baýramçylyk dabaralary ýurduň ähli künjeklerinde-de ýaýbaňlandyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň