Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdogany kabul etdi

08:4527.09.2024
0
8563

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilýän toý dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdogany kabul etdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmany gadymy türkmen topragynda kabul etmäge örän şatdygyny aýdyp, oňa toý şatlygyny paýlaşmaga gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Bilal Ärdogan wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow, öz nobatynda, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana mähirli salamyny hem-de berk jan saglyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Şeýle-de türkmen döwletiniň Baştutany Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdoganyň saparynyň çäklerinde geçiriljek gepleşikleriň we duşuşyklaryň iki ýurduň arasynda alnyp barylýan sport hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmäge hem-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň barşynda geçen döwrüň içinde döwletara gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak, birek-birege goldaw bermek esasynda işjeň ösdürilendigi we kämilleşdirilendigi nygtaldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow sport hereketini ösdürmek meselesi barada durup geçip, Türkmenistanda bu ugurda giň mümkinçilikleriň döredilendigini aýtdy.

Söhbetdeşler Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň asyrlaryň dowamynda emele gelen halk oýunlaryny dikeltmekde we gorap saklamakda uly işleri alyp barýandygyny aýtdylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda hereket edýän Milli sport oýunlarynyň merkezi hem şu konfederasiýanyň agzasy bolup durýar. Bu bolsa sport hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň iki dostlukly ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy, şol sanda sport diplomatiýasyny ösdürmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny tassyklady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň