Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi

08:5125.09.2024
0
7492

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmäge, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini, ahlak sütünlerini pugtalandyrmaga, türkmen halkynyň ruhy başlangyçlarynyň we däpleriniň yzygiderliligini üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, ösüp gelýän ýaş nesli okatmakda, ýaşlary türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik, mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin, aýratyn önjeýli jemgyýetçilik işlerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurduň şu raýatlaryny Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda Karar kabul edildi:

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň müdiriniň orunbasary Güljamal Öwezberdiýewna Annamyradowany,

  • Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Nyýazsoltan Artykowany,
  • Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Oguljeren Günnäýewany,
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Nurtäç Nyýazdurdyýewany,
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabyndaky 8-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulçysy Arazbibi Kulyýewany,
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky 4-nji orta mekdebiniň mugallymy Senem Abytowna Möwliýewany,
  • Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Gadyrýap geňeşliginiň ýaşaýjysy, pensioner Ogulbibi Aşyrowany.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň