Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen žurnalistleri Izmiriň gözel ýerleri bilen tanyşlyk syýahatyny tamamlaýarlar

16:0504.10.2024
0
13541

Izmir boýunça tanyşlyk syýahatynyň soňky gününde türkmen žurnalistleriniň wekiliýeti şäheriň merkezindäki ajaýyp hem taryhy ýerleriň birnäçesine baryp gördüler.

Şähere gezelenç Izmiriň Konak meýdançasyndaky taryhy sagat diňiniň ýanynda başlandy. 1901-nji ýylda gurlan bu binagärligiň ajaýyp nusgasy Soltan Abdulhamid II tarapyndan Izmiriň ilatyna sowgat hökmünde bina edilipdir.

Fransuz binagäri Reýmond Pere tarapyndan taslamasy taýýarlanan we nemes ussalarynyň elinden çykan sagat mehanizmi bilen enjamlaşdyrylan bu diň diňe bir Izmiriň nyşany bolman, eýsem şäheriň ýaşaýjylarynyň indi däbe öwrülip giden duşuşyk ýerine öwrüldi.

Ondan uzakda bolmadyk ýerde žurnalistler Türkiýäniň milli gahrymany Hasan Tahsiniň ýadygärligine baryp gördüler. 1919-njy ýylda grek basybalyjylaryna ilkinji oky atan Tahsin, şol gün hem duşman güllesinden wepat bolandygyna garamazdan türk garşylygynyň gahrymançylygynyň hakyky nusgasy bolup, ýurduň taryhyna girdi.

Soňra syýahatçylar topary şäheriň Kemer Pazar diýen ýerinde ýerleşýän adaty türk bazarynyň gyzgalaňly gurşawyna çümüp gitdi. Täze ter önümleri, hoşboý ysly goşundylarydyr senetleri bilen tanalýan bu dürli öwüşginli bazar myhmanlara ýerli medeniýetiň hakyky ruhuny başdan geçirmäge mümkinçilik berdi.

Gezelenjiň indiki nokady meşhur Sanat köçesi boldy. Şol köçede dünýä belli fransuz aýdymçysy we asly türk milletinden bolan aktýor Dario Moreno ýaşapdyr. Onuň döredijiligi şu güne çenli janköýerleri ruhlandyrmagyny dowam etdirýär we onuň öýi bolsa Izmiriň iň meşhur gelim-gidimli syýahatçylyk ýerine öwrüldi.

Žurnalistler baryp 1907-nji ýylda gurlan taryhy lifte — Asansýora-da baryp gördüler. Ilkibaşda ýaşaýjylara dik depelere çykmagy aňsatlaşdyrmak üçin döredilen bu inženerçilik desgasy häzirki wagtda syýahatçylara şäheriň belent ýerine çykyp, kenar ýakasynyň haýran galdyryjy görnüşini synlamaga çagyrýar.

Syýahatyň jemleýji güni deňiz kenarynda agşamlyk hoşlaşyk nahary bilen tamamlandy, nahar başynda Türkiýäniň ajaýyp ýerlerine gezelenje gatnaşanlar öz täsirleri bilen paýlaşdylar we birek-birege arzuwlaryny aýtdylar.

Izmir şäherine amala aşyrylan dört günlük syýahat türkmen žurnalistlerinde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Olar Türkiýäniň gözel ýerlerine guralan syýahatçylyk saparynyň okyjylary üçin gyzykly materiallary döretmäge ruhlandyrandygyny nygtadylar we bu çäräni guranlara öz alkyşlaryny beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň